Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen haly
Çap edildi 31.12.2022
2991

Mälim bolşy ýaly, adaty halyçylyk Türkmenistanyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegidir, şonuň üçin-de ol ýurdumyzyň ilatynyň umumy medeni özboluşlylygynyň alamaty saýylýar. Türkmen halysy öz gölleri bilen halkymyzyň taryhyny we ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny beýan edip, asyrlaryň jümmüşinden geçip geldi.

Gadymy döwürlerde-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarylan Parfiýa ýüň halylaryna ýokary baha berlipdir. Halyçylyk bu ýurdumyzyň iň gadymy däplerinden biri we türkmen halkynyň buýsanjydyr. Türkmenistanyň dünýä medeniýetinde halyçylyk sungatynyň dörän merkezlerinden biri bolandygy subut edilendir. Dünýäniň ilkinji halysy hut şu ýerde oýlanyp tapylyp, kämillik derejesine ýetirilipdir, bu ýerde ussatlygyň syrlary aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilýär. Häzirki zaman senetçileri dünýä boýunça şa eserlerini döretmegi dowam etdirýärler.

Häzirki Türkmenistanda haly sazlaşygyň, öý-ojagyň, gözelligiň we rahatlygyň nyşanydyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halylary söwda mowzugy bolup hyzmat edipdir we asla arzan bolmandyr. Olara işiniň nepisligi, reňkleriň parlaklygy, şeýle hem ulanylan ýüňüň hili we doklugy üçin bütin dünýäde ýokary bahalandyrylypdyr.

Abat galan iň gadymy haly b.e. öňki 5-nji asyrda meşhur bolan Pazyryk medeniýetine degişlidir. Pazyryk halysynyň sanly aňlatmalary, oguz-türkmen rowaýatlary bilen geň galdyryjy derejede nesil meňzeşligini görkezýär.

Alymlaryň türkmen halysynyň aslynyň gadymylygyna şaýatlyk edýän köp tassyklamasy bar.

XIII asyrda ýazgylary ýewropalylar üçin Gündogar baradaky ilkinji bilim çeşmeleriniň birine öwrülen wenesiýaly meşhur täjir we syýahatçy Marko Polo türkmen halylary barada haýranlyk bilen gürläpdir. Türkmen halylarynyň sungatynyň ýesiri bolan Galkynyş döwrüniň ussat suratkeşleri olaryň käbir parçalaryny öz suratlarynda şekillendiripdirler.

Türkmen halysy barada aýdylan bu sözler we berlen bahalar türkmen medeniýetiniň we ýurdumyzyň taryhynyň milli haly senetçiligi bilen näderejede jebis baglanyşýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmen halylary atlaryny esasy nagyş bolan «göl» sözünden alypdyr. Halk paýhasy: «Suw – türkmeniň durmuşy, at – türkmeniň ganaty, haly türkmeniň janydyr» diýýär, bu, hakykatdan-da şeýle. Haly önümleriniň türkmen durmuşyndaky ähmiýetine aşa baha bermek kyn. Ýöne bir bezeg hökmünde däl, eýsem belli bir peýdaly maksat bilen ulanylýan haly önümleriniň-de segsenden gowrak görnüşi bar.

20-nji asyryň ahyrynda halyçylyk Türkmenistanda ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndan birine öwrülýär. 2001-nji ýylda dokalan umumy meýdany 301 inedördül metre barabar bolan, 2003-nji ýylda bolsa Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen dünýäniň iň uly el halysy häzirki zaman türkmen halylarynyň arasynda tapawutlanýar.

Haly gölleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda hem şekillendirilendir. Baýdagyň dik zolagy türkmen halylarynyň bäş esasy nagşyny görkezýär. Bu türkmeniň milli jebisligini görkezýär.

Milli haly muzeýi gadymy halylaryň iň gymmatly görnüşlerini gorap saklaýar. Türkmen halylarynyň gadymy nusgalary Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Müsüriň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň muzeýlerinde, sergi zallarynda we galereýalarynda saklanýar.

2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň dekabr aýynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Halyçylyk senediniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ýurdumyzyň çeper elli senetçileriniň dokan gözel halylarynyň ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
27.04
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
top-arrow