Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Küştdepdi – milli miras
Çap edildi 31.12.2022
30369

Küştdepdi tansy medeniýetiň aýry bir bölegidir. Küştdepdi türkmen halkynyň dünýägaraýşynyň ösüşiniň çeper we aýdyň subutnamasydyr.

Küştdepdiniň kökleri çuňňur gadymyýetden gaýdýar. Arheologik tapyndylar we ýazuw ýadygärlikleri onuň gadym döwürlerde dörändigine şaýatlyk edýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, Gadymy Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan ritonlarda küşt depýänler şekillendirilipdir.

Küştdepdi asyrlarboýy kämilleşdirilen, owaz bilen güýçlendirilen hereket arkaly ömür, söýgi we täze durmuşyň döreýiş çarhynyň müdimiligi barada gürrüň berýär, däpleriň ähmiýetini açyp görkezýär. Küştdepdini ýerine ýetirýänleriň joşgunly hereketleri tomaşaçylary duýgylar ummanyna çekýär. Ol kompozisiýanyň depginini kesgitleýän beýtlerden başlanýar. Küşt depýänler döwre gurap, misli durmuşyň täze döwrüni mübärekleýän kimin, «küşt, küşt, küştdepdi» diýýärler.

Küştdepdiniň umumy häsiýetleri belli bir derejede halkyň milli häsiýeti bilen şertlendirilýär.

Sungaty öwrenijileriň pikirine görä, döwre guralyp, emaýy, sazlaşykly hereketli özboluşly hereografiýasynda her bir tansçy özbaşdak, şol bir wagtyň özünde owadan umumy tomaşanyň aýrylmaz bölegidir. Küşt depýänleriň döwre gurap edýän sazlaşykly hereketleri Älem kanunlaryna laýyklykda Gün ulgamynda planetalaryň tertipli aýlawyny ýada salýar.

Maddy däl medeni mirasy saklap galmak boýunça Hökümetara komitetiniň 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen 12-nji mejlisinde teklip edilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Munuň özi türkmen halkynyň umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy medeniýetiniň ummasyz ähmiýetiniň ykrar edilmegidir. Milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny beýan edýän halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy bolan küştdepdi geçmiş ýörelgeleriniň we häzirki döwrüň döredijilik joşgunynyň sazlaşykly utgaşygydyr.


Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow