Baş sahypa
\
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
\
«Görogly» şadessany türkmen halkynyň epiki mirasydyr
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
«Görogly» şadessany türkmen halkynyň epiki mirasydyr
Çap edildi 31.12.2022
8401

Edebi ýadygärlik-şadessany we taryhy şahsyýet Görogla tutuş dünýäde gyzyklanyp gelipdirler.

Ýerli we daşary ýurtly ýazyjylardyr alymlaryň bu gymmatly esere uly ünsi onuň milli we dünýä edebiýatynyň ösüşine täsiri bilen baglanşyklydyr. Şadessandaky belent dünýägaraýyş we soňy bilen dürli dillerde aýdylmagy onuň giňden meşhurlygyna getiripdir.

«Görogly» şadessanynyň Gündogar ýurtlarynyň edebiýatynyň ösüşine täsiri dürli halkara maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Hünärmenler türkmen halkynyň ykbalyny beýan eden şadessanyň uly terbiýeçilik ähmiýetini belleýärler.

Görogly hakda hekaýatlar diňe bir Watan azatlygy ugrunda göreş eden gaýduwsyz batyrlaryň edermenligini wasp etmän, eýsem özboluşly ahlak ýörelgesi hem bolup durýar. Epiki hekaýatlaryň nesihat häsiýetli aýdymlary, mertlige çagyrýan aýdymlary, monologlary we dialoglary türkmenlerde Watan söýgüsini terbiýeläpdir we terbiýeleýär. «Görogly» gahrymançylykly şadessanyny öwrenmegiň möhümdigini nygtaýan alymlar onuň adamzadyň gymmatly baýlygydygyny biragyzdan tassyklaýarlar.

Gündogar halklarynyň çeper edebiýatynyň ösmegine ummasyz täsir eden «Görogly» şädessanynyň ähmiýeti taryhy we milli çäklerden daşary çykýar.

Görogly hakda rowaýat türkmen topragynda döränden Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda giňden ýaýraýar. Onuň asyrlarboýy aýdylyp gelinmegi eseriň çeperçilik we estetiki ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.

«Görogly» şadessanynyň has ir döwürde – 1832-nji ýylda ýazylan golýazmasy Parižiň milli kitaphanasynda saklanylýar. «Görogly» şadessany türkmen dilinde birnäçe gezek neşir edilýär. Onuň birinji neşirini belli türkmen ýazjysy we folklorçysy A. Gowşudow taýýarlapdyr. Asyrlarboýy bu gahryman barada rowaýatlary nesilden nesle geçirip gelen türkmen bagşylary ony giňden ýaýmakda ummasyz uly iş bitiripdirler. Palta bagşy, Ata Hoja bagşy, Atanazar Hoja bagşy, Goç Hoja bagşy, Magtymguly Garly, Nury Halykow, Satlyk Ilekow, Gylyç Ödäýew we başga-da ençeme aýdyjy-bagşylaryň döredijiligi bilen bu ajaýyp eser biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Şadessanyň rowaýaty böleklerinde Görogly gaýduwsyz batyr we adalat goragçysy bolsa, aýdymlarynda ol duýgulary çuňňur şahyr hem sazanda.

Eseriň epiki we aýdymly häsiýetliligi gahrymanyň köpgyraňly şahsyýetini beýan edýär.

Aňyrsy bagşylardan gaýdýan, Daşoguz welaýatynda doglan Palta bagşy «Görogly» şadessanyny has köp bilýän eken. Onuň üýtgeşik ýatkeşligi netijesinde bagşynyň dilinden 1937-nji ýylda 12 bölümi ýazylyp alnypdyr.

Şadessanyň bir aýratynlygy – ony eline alan eseri başdan-aýak okaman goýup bilmeýär, bu geň gahrymanyň üýtgeşik hereketlerinden lezzet almak üçin soňam ençe gezek ony gaýta-gaýta okar ýörer.

Iki ýüz ýyl mundan ozal fransiýaly ýazyjy zenan Žorž Sand edermen, esasy-da adalatly Göroglynyň edebi keşbiniň bendisi bolýar. Ony fransuz dilne terjime eden bu ýazyjy «Türkmen gahrymany Görogly şahyrdan belent, barddan beýik; köp bilýänden ýokarydyr. Ol şalardan uly, filosofdan saýry adam» -- diýip ýazypdyr.

«Görogly» şadessany Türkmenistanyň milli baýlygydyr. Onuň keşbi türkmen pulunda şekillendirilen, onuň birnäçe ýadygärligi goýuldy. Köne obalaryň, galalaryň, belentlikleriň we ýerleriň ençemesini Görogly adyny göterýär. Eseriň ummasyz uly terbiýeçilik ähmiýeti bar, ol asyrlarboýy nesilleri baglaşdyryjy ýol bolup, türkmen halkynyň ruhunyň aýrylmaz bölegidir, özboluşly medeni baýlygydyr.

Türkmen halkynyň bagtyýar, azat durmuş hakda arzuwlaryny beýan eden bu şadessan we dessanlar çuňňur parasada, durmuşa höwese ýugrulandyr, olar häzirem adamlaryň ýüregine röwşen nur çaýýarlar. Muňa 2015-nji ýylda

«Görogly» dessançylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy-da şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
27.04
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
top-arrow