Baş sahypa
\
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
\
Köneürgenç – Türkmenistanyň iň gadymy şäherleriniň biri
Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni miras goralyp saklanylýar
Köneürgenç – Türkmenistanyň iň gadymy şäherleriniň biri
Çap edildi 31.12.2022
23811

Häzir Köneürgenç Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň dolandyryş merkezidir. XI – XIII asyrlarda bolsa ol orta asyryň kuwwatly imperiýasy – Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolupdyr.

Häzirki wagtda Köneürgenjiň günorta çetine 1985-nji ýylda döredilen 640 gektar meýdany bolan döwlet medeni-taryhy goraghanasy ýerleşýär.

Bu ýerde geçmişiň ençeme ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri bar. Orta asyrlarda şäheriň daşyna berk diwar çekilipdir, onuň galyndylary şäheriň gündogar çetinde depeler görnüşinde saklanyp galypdyr.

Köne Gürgenç (Köneürgenç) Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orta asyr ugurlarynyň birinde ýerleşipdir. Ol Türkmenistanyň goragly giň zolakda ýerleşýän we XI-XVI asyrlara degişli gowy saklanyp galan köp sanly ýadygärligi öz içine alýan iň gadymy arheologik ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýadygärliklere metjitler, kerwensaraý derwezeleri, galalar, aramgähler we minaralar girýär.

Goraghananyň iň gadymy binasy «Kyrk molla» galasy bolup, onuň ýerinde XI asyrda «Horezmşa Mamunyň akademiýasy» diýilýäni bolupdyr. Onda ensiklopediýaçylar Abu Ali Reýhan al-Biruni we tebigatşynas, lukman hem filosof Abu Ali ibn-Sina işläpdir.

Şeýle hem, şäherde XI-XVI asyrlara degişli birnäçe ýadygärlik bar. Törebeg hanymyň aramgähi, Nejmeddin al-Kubranyň aramgähi we Kutlug Timuryň 60 metrlik minarasy olaryň iň meşhurlarydyr. Şeýle hem, abat galan iň gadymy ýadygärlik – Il Arslanyň ýüzüne syrçaly kerpiç tutulan on iki gyraňly konus şekilli gümmezli aramgähi bar.

Bir wagtlar Köneürgençde Horezm gurluşykçy ussalar mekdebi bolup, gülläp ösüpdir. Olaryň bilimidir başarnyklary bütin dünýä ýaýrapdyr, olaryň döreden zatlaryny häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň dürli sebitlerinde Teýmirleňiň hökümdarlyk süren döwrüne degişli köp desganyň biçüwinde görmek bolýar. Olaryň adaty gurluşyk usullary we ýerine ýetiriş täri şu güne çenli saklanyp galypdyr, mysal üçin, ilkinji gezek Köneürgençde ulanylan küreler henizem taryhy binagärlik ýadygärlikleriniň durkuny täzelemekde tutuş sebitde kerpiç bişirmek üçin ulanylýar.

Ýerli ilat, bu taryhy goraghanany baryp görýän köp sanly syýahatçylar gadymy gurluşykçylaryň ýokary ussatlygyny öz gözleri bilen görüp, seslenme kitaplarynda haýran galandyklaryny beýan edip, ýadygärlik goýup, özleri bilen bolsa 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgençde gören zatlaryndan alan ýatdan çykmajak oňyn täsirlerini alyp gidýärler.

Soňky habarlar
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
top-arrow