Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu çärä gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, aýdymçylar, sazandalar — milli saz gurallarynda ýerine ýetirijiler, alymlardyr hünärmenler, şol sanda saz, sungat we medeniýeti öwrenijiler, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri Aşgabada geldiler.
Ýurdumyzda milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler bilen baglylykda, dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatynyň gözbaşlaryna bagyşlanan halkara forum aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen birlikde, dostluk we parahatçylyk ýollaryny gurýar, ählumumy durnukly ösüşe ýardam berýär. Şunda halklaryň özara düşünişmegine hem-de ruhy taýdan baýlaşmagyna goşant goşýan medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Şu gezekki forumyň Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda geçirilmegi buýsançly ýagdaýdyr. Bitarap Watanymyz bu özboluşly hukuk derejesine eýe bolup, goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän başlangyçlary öňe sürmek, öz raýatlarynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly örän möhüm borçnamalary öz üstüne aldy. Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän syýasaty durmuşa geçirýär hem-de dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalar bilen doly derejeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan çäreleriň şu ýylyň dowamynda guralan ilkinji medeni çäreler bolandygyny bellemek gerek. BMG-niň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz ykrar edilen parahatçylyk dörediji hem-de sebitiň iri medeni merkezi bolmak bilen, giň hyzmatdaşlyga we ylmy alyşmalara taýýardygyny görkezýär, öz göreldesi bilen medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk dörediji ýörelgeler baradaky pikiriň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynyň esasyny düzendigini bellemek gerek. Onda döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty nukdaýnazaryndan, meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşy barada gürrüň berilýär.
Dünýä halklarynyň medeni mirasyny, şol sanda aýdym-saz sungatyny giňden we hemmetaraplaýyn öwrenmek ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Aşgabatda geçirilýän şu gezekki halkara forumyň baş maksady hem şuňa gönükdirilendir.
Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda bu giň gerimli çäräniň ähmiýeti nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň milli aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrmakda bu halkara festiwala we maslahata aýratyn orun degişlidir” diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň beýany boljakdygyna, forumyň çäklerinde guraljak dabaralaryň bolsa bu syýasatyň konsepsiýasyny many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
“Türkmeniň kalby” atly edebi-sazly çykyş dabaralaryň özboluşly badalgasy boldy. Onda geçmişiň we häzirki döwrüň, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň beýik işleriniň hem-de Türkmenistanyň täze eýýamda — döredijilik we ösüş zamanasynda ýeten belent sepgitleriniň dowamatlylygy nygtalýar.
Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda konsert geçirildi. Onuň baý maksatnamasy aýdym-saz eserleriniň köpdürlüligini, dürli halklaryň aýdym aýtmak, saz çalmak ýaly gadymy sungatynyň täsin nusgalaryny açyp görkezdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Alkyş aýdýas Arkadagly Serdara” atly aýdym gymmatly medeni mirasyň binýadynda jemgyýeti ruhy taýdan kämilleşdirmek başlangyjyny öňe süren hormatly Prezidentimiziň asylly işlerine bagyşlandy.
Tomaşaçylar Azerbaýjanyň we Eýranyň aýdym-saz toparlarynyň, Gyzylorda oblastynyň filarmoniýasynyň (Gazagystan), Täjigistanyň A.Juraýew adyndaky döwlet filarmoniýasynyň, Horezmiň sazly drama teatrynyň (Özbegistan) halk saz toparlarynyň, Buhara şäheriniň mukamlary ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gyrgyz Respublikasyndan gelen “Etno-Oş” folklor-etnografiýa toparynyň çykyşynda özboluşly milli äheňler ýaňlandy. Kazanyň “Alpar” etnografiýa topary milli saz gurallarynda tatar halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ýurdumyzda geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşýan “Türki dünýä” saz-tans toparynyň artistleri tomaşaçylara ajaýyp türk mukamlaryny we tanslaryny sowgat etdiler.
Ýurdumyzyň belli tans, folklor, aýdym-saz toparlary, meşhur halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileri tomaşaçylara türkmen sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdiler. Artistleriň çykyşlarynda halkara forumyň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dostlugyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen baş maksady öz beýanyny tapdy. Olaryň her bir çykyşy kalbyň joşgunly ylhamyna beslendi. Köp sanly tomaşaçylar ajaýyp baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan, dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatynyň aýdyň beýanyna öwrülen bu konserti diňläp lezzet aldylar.
Türkmenistanda doganlyk halklaryň wekillerini bir ýere ýygnan bu dostluk festiwalyna bagyşlanan “Ýaşa sen, festiwal, dostluk baýramy!” atly aýdym konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu aýdym ýerine ýetirilende, konserte gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykyp, öz halklarynyň sungatynyň baý we köpöwüşginli ugurlaryny açyp görkezdiler.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda halkara forumyň açylmagy mynasybetli guralan sergi onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Sergide ýurdumyzyň saz sungatynyň köpugurly ösüşini beýan edýän muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, gadymy saz gurallary, bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren eserleriniň wideoýazgylary, şeýle hem ses ýazýan we eşitdirýän enjamlaryň has öňki nusgalary görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda “Arçabil” myhmanhanasynda ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, TÜRKSOÝ-nyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat forumyna gatnaşýan ýurtlaryň alymlary, hünärmenler gatnaşdylar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew şu gezekki halkara forumyň adamzadyň ruhy mirasynyň köklerini öwrenmekde ähmiýetini nygtady hem-de türki halklaryň medeni mirasyny wagyz etmek, şol sanda TÜRKSOÝ tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edilen 2024-nji ýylda belleniljek beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyna, şeýle-de Türkmenistanyň gadymy şäheri Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çäreleri guramaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Sultan Raýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza doganlyk halklaryň medeniýetini, sungatyny gorap saklamaga we ösdürmäge ýardam berýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda ýygnananlary Täjigistanda saz mirasyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Maslahata gatnaşyjylary sanly ulgam arkaly Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa gutlady. Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, sazyň dili ägirt uly ruhlandyryjy güýje eýe bolup, milli medeni mirasyň köpdürlüligini hem-de täsinligini beýan edýär we dünýä halklaryny döredijilik giňişliginde birleşdirýär. Ol şu gezekki halkara forumyň ruhy mirasy gorap saklamakda, bilimleri baýlaşdyrmakda, hünär derejesinde gatnaşyklary ösdürmekde we tejribe alyşmakda ähmiýetini nygtap, hemmelere çäreleriň üstünlikli geçirilmegini, gyzykly çykyşlary, sungat bilen söhbetdeşlikden lezzet almagy arzuw etdi.
Eýran medeniýetiniň gadymy gatlaklarynyň biri hökmünde saz folkloryny öwrenmegiň meseleleri Eýran Yslam Respublikasynyň “Namek” saz mekdebiniň mugallymy Firozeh Modir Horasaniniň çykyşynyň esasy mowzugy boldy. Professor, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Saide Elemanowa öz çykyşynda Gazagystanda aýdym we saz medeniýetiniň häzirki ýagdaýy hem-de maddy däl medeni mirasy gorap saklamak barada aýtdy. Gazagystanyň milli sungat uniwersitetiniň professory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Gazagystan Respublikasynyň at gazanan medeniýet işgäri Elmira Žanabergen, Özbegistanyň Baş konserwatoriýasynyň professory, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Rustanbek Abdullaýew, Özbegistanyň Kompozitorlar birleşiginiň agzasy, Ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak müdirliginiň başlygy Bahtiýor Aşurow, filosofiýa ylymlarynyň doktory, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri Batyr Rahimow, “Etno-Oş” folklor-etnografiýa toparynyň çeper ýolbaşçysy Topçubaý Dosbaýew hem-de Tatarystan Respublikasynyň “Alpar” etnografik toparynyň ýolbaşçysy Almaz Ashadulin, eýranly sazanda Meýsam Ghomorlo Ýusafali çykyşlarynda öz halklarynyň aýdym-saz we şygryýet däpleri, özboluşly aýdym-saz ýollarynyň öwrenilmegi, olaryň geljek nesillere ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň aýdym-saz mirasyna aýratyn orun berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň köpöwüşginli çeperçilik mirasynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän däpleri bar. Aslynda, türkmenleriň taryhy hakydasy bolan bu mirasda saz sungaty uly orun eýeleýär. Çykyş edenler häzirki döwürde dünýä siwilizasiýasynyň hazynasynda aýratyn orun eýeleýän türkmen halkynyň saz sungatyny, onuň gadymy medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, giňden wagyz etmek we geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Türkmenleriň halk döredijiliginiň, nusgawy edebiýatynyň umman ýaly çuň çeşmeleri bu sungatyň gözbaşy bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplarynda türkmen halkynyň saz medeniýeti barada gymmatly maglumatlar getirilýär.
Aşgabat forumynyň çäklerinde geçirilen şu gezekki duşuşygyň möhümdigini nygtap, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan syýasaty üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Gymmatly milli mirasy gorap saklamak, ylmy we medeniýeti ösdürmek, alymlary hemmetaraplaýyn goldamak, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Agşam daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaby esasynda döredilen “Dutaryň owazy” atly sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyryldy.
Ertir “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary bolar. Sazandalar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin öz halklarynyň milli saz gurallarynda saz çalmak boýunça ussatlyk sapaklaryny bererler.
Festiwala gatnaşyjylar “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda çykyş ederler. Myhmanlar üçin türkmen paýtagtynyň muzeýleri we gözel künjekleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berjek medeni çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy.
“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly ýapylyşy, diplomlaryň gowşurylyşy hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.