Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadançylygyň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadançylygyň ýoly bilen
Çap edildi 15.11.2022
1450

Geçen hepdäniň wakalarynda ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we ynsanperwer kuwwaty hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy.

7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, oba hojalygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bolelin üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny, Hasyl toýy mynasybetli dabaralary guramak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak zerurdyr.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşi we ählumumy abadançylygy gazanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändikleri bellenildi.

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Bu geňeş bilelikdäki forumlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine ýardam berýär. Medeniýet, ylym, bilim, tehnologiýalar ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bu ugurlarda dürli çäreler guralýar, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekologiýa ugry, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Jemi uzynlygy 49 kilometre barabar bolan täze inženerçilik-tehniki toplumyň gurluşygyny Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti amala aşyrdy. Onuň gurluşygynda iň täze binagärlik hem-de inženerçilik çözgütleri, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanyldy.

Bu taslama Russiýanyň “Sewkawgiprowodhoz” hem-de Türkmenistanyň “Türkmensuwylmytaslama” taslama institutlarynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň netijesidir. Bu işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň we Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy hem-de degişli güwänamalar bilen berkidildi.

Döwlet Baştutanymyz täze desganyň aýratynlyklary bilen tanyşmagyny tamamlap, toplumyň işgärlerine üstünlik arzuw etdi we toplumyň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň hem-de ýörite gurluşyk tehnikalarynyň açarlaryny gowşurdy.

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa senagatynyň, senagat-gurluşyk toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem balyk hojalygynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, üstaşyr ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, saglygy goraýyş edaralarynda öňüni alyş we ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara, Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan meýilleşdirilen sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, festiwallary guramaga taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň “ak altyn” hasylyny ýygnamak hem-de Daşoguz welaýatynyň daýhanlarynyň şaly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny Hasyl toýunyň öňüsyrasynda üstünlikli ýerine ýetirendikleri habar berildi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan tutanýerli işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, bol hasyl öndüren, ýokary netijeleri gazanan daýhanlary we oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi, şeýle-de döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibini hem-de aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklady.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçen hepde bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçen mejlisine gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda ähli esasy ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, guramany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, sebit we halkara gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Gahryman Arkadagymyz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryna mahsus bolan çemeleşmelerini öňe sürmek bilen, esasy strategik maksady gazanmak üçin döwletleriň tagallalaryny yzygiderli birleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alýandygyny nygtady. Bu maksatlar çözgütler kabul edilende halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna pugta eýermek esasynda ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaý örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň özbaşdak ýagdaýda hem, dünýä bileleşigi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda hem gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, öňdengörüjilikli we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmelidigi baradaky pikir beýan edildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy geçen ýyl Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmeginiň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyrynyň başyny başlandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz strategik wezipeleri hökmünde ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda bu guramanyň mümkinçiligini artdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde “Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň teklibini goldandygy üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda häzirki döwürde taryhy we kökleri umumy bolan goňşularymyzyň, doganlyk halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady we şu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Mejlisiň jemleri boýunça guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen Samarkant Jarnamasy kabul edildi. Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine Kubanyçbek Omuraliýewiň dalaşgärligini tassyklamak baradaky çözgüt kabul edildi.

Sammitiň işi tamamlanandan soňra, dabaralar otagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy we görnükli jemgyýetçilik işgäri bolan Çingiz Aýtmatowyň adyna Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň jebisligine goşandy üçin Alyşir Nowaýy adyndaky atly halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda bolmagynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Baştutanlary — Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

12-nji noýabrda Mary welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz welaýatyň Mary etrabynyň “Milli goşun” daýhan birleşiginiň pagtaçy-kärendeçisiniň ekin meýdanyna hem-de “Zarpçy” daýhan birleşiginiň ekerançylarynyň biriniň bugdaý meýdanyna baryp gördi, kärendeçileriň işi, olara döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijeleri, olaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerden “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Mary galla önümleri kärhanasynyň işi bilen tanyşdy.

Häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik toplumynyň çäginde ýylda 50 müň tonna bugdaýy saklamaga niýetlenen elewator bar.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň seçgiçi alymlarynyň ylmy esasda alyp barýan işlerine möhüm orun degişli bolmalydyr. Ekerançylykda ýokary hilli tohumlaryň taýýarlanylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň netijeli ýola goýulmagyna, bu ugurda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şöhratly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň hatarynda halal zähmete, daýhan yhlasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilmeginiň zerurdygyna, şunda ýaşlaryň zähmetine bil baglanmalydygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işler, döwletimiziň ýeten derejesi halkymyzyň gündelik durmuşynda öz beýanyny tapmalydyr.

Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda bu ýerde geçirilen iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmak we pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän kärendeçileriň ýokary öndürijilikli işi, bereketli hasyl almagy ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini nygtap, hemmeleri ajaýyp sene — Hasyl toýy bilen gutlady we oba zähmetkeşlerine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikleri, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmelerini hem-de ýörelgelerini, onuň girdeji bölegini döretmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentariler “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler, şeýle-de “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararyny biragyzdan kabul etdiler.

Türkmenistanda iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. Dostlukly halkyň häzirki zaman sazy we kinematografiýasy, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan ähli çäreler Türkmenistanyň Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň goldaw bermeginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Gözden geçirilişe ýigrimä golaý ýurtdan wekiliýetler gatnaşdy. Şolaryň hatarynda daşary ýurtlaryň dürli döwlet pudaklaýyn düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjiler, aragatnaşyk ulgamynyň we programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlary bar.

Ýöriteleşdirilen forum ýakyn wagtlarda Türkmenistanda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän iň täze, netijeli hem-de ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmak mümkinçiligini döretdi. Ylmy maslahatda Türkmenistanda innowasiýalaryň, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň sanly ulgama geçirilmegini ösdürmek, täze hemra tehnologiýalary we goşundylary, dolandyrmagyň çözgütleri, häzirki zaman meýilleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň tehnologik taýdan düýpli ösüşi amala aşyrandygyny bellediler. Şeýle ösüş döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek netijesinde mümkin boldy.

Foruma gatnaşyjylar aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler, hemra aragatnaşyk tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň çäklerinde talyplaryň arasynda geçirilen “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Geçen ýekşenbede paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Çäräniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Hasyl toýy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma pudak edaralarynyň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri we telekeçiler, alymlar, bu ugur boýunça bilermenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ylmyň gazananlaryny hem-de seçgiçiligi peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, obadyr şäherlerinde dabaraly duşuşyklar, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sarpalamak çäreleri, konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Hasyl toýy ýurdumyzyň ekerançylarynyň zähmetsöýerligine we döredijilik zehinine sena bolup ýaňlanmak bilen, türkmen topragynyň sahawatyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow