Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.
Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň döredilmegini alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr. Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine dünýä jemgyýetçiligi bilen oňyn gatnaşyklary alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy” diýip belleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Bu döwür Garaşsyz ýurduň gazananlaryny özünde jemläp, onuň parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň belentliklerine çykmagy üçin uly mümkinçilikleri açdy. Döwlet Baştutanymyz täze taryhy döwrüň iri möçberli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde zehinli ýaşlara aýratyn orun berýär. Olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zaman sungatynyň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine, milli medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine uly üns berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmegiň, şeýle-de türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegiň zerurdygyny nygtandygyny bellemek gerek. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmagy teklip etdi.
“Nowruz ýaýlasy” adyna eýe bolan hem-de giň gerimli dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrülen Ahal welaýatynyň bu ajaýyp künjeginde şu gün ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasynyň mazmuny türkmen halkynyň milli medeni mirasyny halkymyza mahsus milli aýratynlyklara laýyklykda, aýdyň keşpde janlandyrmakdan ybarat boldy. Bu ýere gelen myhmanlar türkmen halkynyň baý milli däp-dessurlaryny, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetirýän işlerini synladylar, ak öýlere girip gördüler.
Baýramçylygyň maksatnamasy halkymyzda gadymdan däp bolan halk oýun güýmenjelerini we dessurlaryny özünde jemledi, bu bolsa dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, ählumumy şatlyk ýagdaýyny döretdi.
Çagalar milli oýunlarda özleriniň çalasynlyklaryny görkezdiler, ýaşlar belent hiňňildiklerde bat alyp uçdular, uzak bolmadyk ýerde bolsa ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar. El işine ezber gelin-gyzlar gelniň bukja işlerini ýerine ýetirmegiň nusgalaryny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Hatar-hatar düýe kerwenleri hem-de bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümleriniň bolçulygy türkmen durmuşynyň aýdyň keşbini emele getirdi. Bugaryp duran gazanlarda taýýarlanylýan milli naharlaryň ýakymly ysy töwerege ýaýrap, olardan myhmanlara hödür-kerem edildi.
Ýurdumyzdan has uzaklarda-da meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar gadymy küştdepdi tansynyň sazyna utgaşykly hereketleri bilen özboluşly kompozisiýany görkezdiler. Teatrlaşdyrylan sahnalar, sport çäreleri, nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlar, aýdymlar, bagşylaryň çykyşlary baýramçylygyň bir bitewi akabasyna goşulyp, dabara gatnaşyjylara egsilmejek şatlyk bagyşlady.
“Türkmeniň ak öýi” binasyna tarap alyp barýan ýoluň iki tarapynda-da ak öýler dikilip, olarda türkmen halkynyň durmuşyny görkezýän sergiler, milli medeniýetiň baýlygy we türkmen sungatynyň gözbaşynyň mizemezligi beýan edildi. Şeýle-de bu ýerde konsert meýdançasy gurnaldy, sadaka bermäge niýetlenen binanyň ýanynda saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylar çaýdan, sowuk içgilerden we milli tagamlardan datdylar.
“Türkmeniň ak öýi” binasynyň ajaýyp sahnasynda uly şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýy duýulýar. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bar. Şeýle-de hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar bu ýere ýygnandylar. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly wekiller, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylar hem myhmanlaryň hatarynda boldular.
Sahnada ýaýbaňlandyrylan maksatnama häzirki zaman türkmen sungatynyň güýjüni, onuň görnüşiniň köpdürlüligini görkezdi. Bu konsert ajaýyp maksady öňde goýdy. Şol maksat Garaşsyz Watanymyza bagyşlanan döredijilik çykyşlarynda Garaşsyzlyk eýýamynyň täze döwrüniň belent ruhuny beýan etmekden, milli sungatyň iň oňat däpleriniň dowamat-dowamlylygyny görkezmekden ybaratdyr. Konsert maksatnamasyny aýdymçylaryň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we “Güneş” çagalar horunyň ýerine ýetirmegindäki “Garaşsyz, Bitarap bagtyýar Watan” atly joşgunly watançylyk aýdymy açdy. Bu aýdym berkarar Watanymyzy — parahatçylygyň we döredijiligiň ýurduny wasp etdi.
Konsertiň joşgunly çykyşlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanyp döredilen aýdymlar dowam etdi. Aýdymçylaryň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda wideoşekiller hem görkezilip, olarda häzirki zaman Bitarap türkmen döwletiniň okgunly gadamlary beýan edildi. Bu konsert žanrlaryň köpdürlüligi we çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenilýändigi bilen tapawutlanýar.
Tomaşaçylar Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlaryny aýratyn mähir bilen kabul etdiler. “Joş, ýüregim, joş!” atly aýdym-sazly tans kompozisiýasy çagalar döredijiliginiň mähribanlygyna beslenip, onda her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri, “Mukam” toparynyň ýaş skripkaçylary we “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun” ýaly meşhur tans toparlary zehinlerini görkezdiler. Bu çykyşlar nusgalyk derejededir, çünki häzirki Türkmenistany bagtyýar çagalygyň ýurdy diýip mynasyp atlandyryp bolar. Bu ýerde ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Milli öwüşgine, çagalar döredijiliginiň päkligine baý bolan çykyşlar berkarar Watanymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň nyşany bolup kalplara ornady.
Konsert meşhur sazandalaryň we estrada ýerine ýetirijileriniň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ussat ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam goýan ýaş aýdymçy-sazandalar hem zehinlerini görkezdiler. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileri boldular.
Sahnadan milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň nusgawy eserleri hem-de häzirki zaman eserleriniň iň oňat nusgalary ýaňlandy. Mähriban Watanymyzy, onuň gözelligini we güýç-kuwwatyny wasp edýän özboluşly wokal-horeografik çykyşlar ýerine ýetirildi. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten özboluşly däp-dessurlaryny janlandyrýan etnografik çykyşlar baýramçylyk maksatnamasy bilen sazlaşykly utgaşdy. Türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmenistanlylaryň birnäçe nesliniň söýgi bilen diňleýän ajaýyp aýdymlary hem ýaňlandy. Ýyllar geçse-de, şol aýdymlar şirinligini we täzeligini ýitirmän gelýär.
“Oguzlar ýurdunda toýdur dabara” atly baýramçylyk aýdym-saz kompozisiýasyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren deprekçileriň ajaýyp çykyşyna bu ýere ýygnananlar şowhunly el çarpdylar. Bu çykyş hem ösüş depginleri ajaýyp ahalteke bedewleriniň okgunly hereketlerine deňelýän mähriban Watanymyza bagyşlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen, türkmenistanlylaryň kalbynda orun alan “Bagt nury” atly aýdym tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Bu joşgunly aýdym durmuşynyň her güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, hakykatdan-da, umumymilli dabaralara beslenen ýurduň senasy hökmünde ýaňlandy. Ol nurana geljege tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň häzirki bagtyýar eýýamyna halkymyzyň buýsanjynyň näderejede ýokarydygyny örän aýdyňlyk bilen görkezdi.
Ýürekleriň mähri, päklik we artistleriň zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme döretdi, häzirki zaman audiowizual tehnologiýalarynyň ulanylmagy bolsa baýramçylyk hereketlerine aýratyn öwüşgin we özboluşlylyk berip, her bir çykyşy ajaýyp görnüşdäki kiçi spektakla öwürdi. Şeýle spektakllaryň biri “Bir suprada taýýar kylyndy aşlar” atly kompozisiýa boldy. Bagşy-sazandalar we meşhur horeografik toparlar tarapyndan ýerine ýetirilen bu kompozisiýa milli däp-dessurlary, parahatçylyk dörediji halkymyzyň myhmansöýerligini, dostanalygyny beýan edýän çykyşlara baý boldy.
“Garaşsyzlyk bagty Sizde, Arkadagly Serdarymyz!” atly joşgunly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdym konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde Garaşsyz Watanymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda nurana geljege barýan Diýarymyzyň bagtyýar eýýamyna watançylyk waspnamasy hökmünde ýaňlandy.
Agşam “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu ýerde köp sanly tomaşaçylar üçin uly konsert maksatnamasynda meşhur estrada ýerine ýetirijileri, sazandalar, tans we etnografiýa toparlary çykyş etdiler.
“Nowruz ýaýlasyndaky” konsert şu baýramçylyk günlerinde dowam eder.