Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Medeniýet
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Çap edildi 29.10.2025
67

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän žurnal giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Nobatdaky neşir täze açyşlara, medeniýet ulgamynda, halkymyzyň ruhy mirasy babatda, şol sanda golýazma, dil, edebiýat, taryh ylymlaryny ösdürmek boýunça geçirilen gözlegleriň netijelerine bagyşlanan makalalary okyjylara ýetirýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni, 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine, şeýle hem dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Neşiriň “Täze ylmy açyşlar” bölümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäriniň “Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diliniň taryhynyň öwrenilişi” atly makalasy bilen açylýar. Awtor nesilden-nesle geçirilip gelinýän medeniýetiň we ruhy mirasyň möhüm bölegi bolup durýandygy bilen baglylykda, halkyň diliniň ebedi ýaşaýandygyny belleýär. Dil — bu diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, halkyň dünýägaraýşynyň, taryhynyň, däp-dessurlarynyň hem şöhlelenmesi bolup, milli aýratynlygynyň binýadyny emele getirýär. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz bilen ruhy arabaglanyşygy saklamak, onuň dowamatyny üpjün etmek maksady bilen, ene dilimizi öwrenmek we ösdürmek möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäde iň gadymy dilleriň biri bolan türkmen diliniň taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan makalada 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany biragyzdan kabul edendigi bellenilýär. Bu wakadan bäri geçen 30 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny dolulygyna subut etdi. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň ilerledýär, halkara gatnaşyklarda täze çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy ösüşiň bähbitlerine gönükdirýär. Deňlik, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty köp babatda Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagyny şertlendirýär.

“Garaşsyzlyk — ösüşlerimize ruhlandyryjy gymmatlyk” atly makalada Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzyň ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanandygy nygtalýar. Ýurdumyzyň ykdysady we tehniki kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, halkymyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini artdyrmagyň bähbidine ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara arabaglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Zehinli ýaşlar bilen ylmyň dürli ugurlarynyň üstüni ýetirmek, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek, bilimli, ukyp-başarnykly, tutuş durky bilen Watanyny söýýän alymlaryň hem-de hünärmenleriň sanyny artdyrmak ylym ulgamyny netijeli ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamagyň kämilleşdirilen milli ulgamyny döretmek bilim babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipesidir. Şunda hünärmenleriň bilim derejesi ýokary halkara talaplara laýyk gelmelidir.

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölümi “Görogly” şadessany we nusgawy şahyrlaryň gahrymançylykly dessanlary” atly makala bilen başlanýar. Onda kyssanyň, şygryýetiň we aýdym-saz sungatynyň sazlaşygynyň esasynda kemala gelen dessanlaryň ynsanyň ruhuny baýlaşdyrmakda, estetiki islegini kanagatlandyrmakda möhüm çeşmedigi bellenilýär. Olar söz, saz, ýerine ýetirijilik sungatynyň ýokary derejesi bolup durýar. XVIII asyrda meşhur bolup başlan dessanlar türkmen edebiýatynyň söýgi we gahrymançylyk mazmunly halk gahrymanlarynyň, rowaýatlarynyň nesilden-nesle geçirilmegini özünde jemleýän epos žanrydyr. Olaryň halk içinde has tanalýanlary “Ýusup-Züleýha”, “Zöhre-Tahyr”, “Leýli-Mejnun” dessanlarydyr. Halk aýtgylarynyň has-da kämilleşdirilip, ösdürilmeginiň netijesinde “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly eposlar döräpdir. “Görogly” eposy öz batyr nökerleri bilen Watanyň azatlygynyň, abraý-mertebesiniň ugrunda duşmanlara garşy göreşen ruhubelent, adalatly, ugurtapyjy söweşjeň ýigit baradaky halk rowaýatydyr. Halkymyzyň bu mirasy häzirki wagtda nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň özboluşly mekdebi bolup durýar.

“Şähryslamyň binagärlik bezegi” atly makala hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Şähryslam — bu Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 kilometr demirgazykda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikdir. Kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen orta asyr şäheri möhüm ähmiýetli söwda-senetçilik merkezi bolupdyr. Daşy goranyş diwarlary bilen berkidilen şäheriň içinde kerwensaraýlar, bazarlar, sardobalar, hammamlar, howuzlar, guýular gurlup, ol suw we lagym geçirijiler, köçeler, arassaçylyk, abadanlaşdyryş maksatly desgalar bilen üpjün edilipdir. Senetçileriň mähelleleri gala diwaryndan daşarda, şäher eteginde ýerleşipdir. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Şähryslamyň şäher gurluşy we binagärligi baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy: desganyň galyndylary onuň gurluşygynda bişen kerpijiň ulanylandygyny görkezdi. Orta asyryň ussat binagärleri diwarlary bezemek üçin bu gurluşyk serişdesiniň dürli görnüşlerini ulanypdyrlar.

“Orta asyr Gündogar edebiýatynyň ylym mekdebi” atly makalada türkmen halkynyň medeni we ruhy ösüşine uly goşant goşan, dünýä ylmynyň taryhynda mynasyp orun alan alymlardyr şahyrlar hakyndaky maglumatlar beýan edilýär. Biziň topragymyzda dünýä inen beýik alymlar — Faraby, Ibn Sina, Biruny, Horezmi, Omar Haýýam dünýewi ylymda, Hoja Ýusup Hemedany, Hoja Ahmet Ýasawy, Muhammet al-Gazaly, Nejmeddin Kubra, Baýezit Bistami, Bahaweddin Nagyşbendi, Omar ibn Suhrawerd (Aşyk Aýdyň pir), Abu Sagyt Abul Haýyr (Mäne baba) ýaly alymlar dini ylmyň taryhynda dürli ylmy açyşlar bilen öz yzlaryny goýupdyrlar. Makalada bellenilişi ýaly, her bir nesil ylmy geçen asyrlaryň ruhy-medeni mirasynyň binýadynda ösdürýär we bilim hem-de tejribe gazanýar. Taryhy we medeniýeti öwrenmek geçmişden sapak almaga, netije çykarmaga, ony özgertmäge, baýlaşdyrmaga, medeniýetiň geljekki ösüşine uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Biziň nusgawy sopuçylyk edebiýatymyzyň esasy maksady adamlaryň ahlak arassalygyny saklamakdan, ruhy kämilligi gazanmakdan we ösen şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr.

Žurnal “Ylmy we medeni durmuş habarlary” atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýul — sentýabr aýlarynda Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasatyň hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşyna, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen bagly habarlar yzygiderlilikde şöhlelendirilýär.

Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlaryň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.

Soňky habarlar
29.10
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
29.10
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow