Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Mediaforum: Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary esasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Medeniýet
Mediaforum: Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary esasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Çap edildi 22.08.2022
2381

Şu gün Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata we onuň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen forumyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetini açyp görkezmekden ybarat boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara maslahatda öňe süren täze başlangyçlarynyň ähmiýeti esasy garalan meseleleriň biri boldy.

Duşuşyga ugurdaş düzümleriň, teleradioýaýlymlaryň, Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgüdini işläp taýýarlamak ugrunda tagallalary jemlemekde möhüm orun eýeländigini bellediler. Şunda ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda oňyn başlangyçlary öňe sürüp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde köpşahaly multimodal üstaşyr ulag we sebit, yklym derejesindäki logistik düzümi döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyna üns çekildi.

Bu halkara maslahata onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Oňa şeýle köp sanly wekiliýetleriň gatnaşmagy we bu çäräni teleýaýlymlarda, internet portallarynda gyzgyny bilen ýerleşdiren köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanma bildirmekleri forumyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Maslahatyň ähli mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web-platformasynda guramanyň resmi dilleri bolan iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlyma berildi.

Çykyşlarda biziň ýurdumyz üçin hem, Milletler Bileleşigi üçin hem möhüm wakalaryň birine öwrülen halkara maslahatyň ähmiýeti nygtaldy. Onda ulag ulgamynyň esasy wezipelerini, häzirki zamanyň ýagdaýlaryndan ugur alyp, deňeçer çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamak, uzak geljegi nazarlaýan özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmalar boldy, bu ugurda bar bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň täze halkara başlangyçlarynyň, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini yzygiderli goraýan hem-de bu işleri BMG-niň degişli düzümleriniň iş ulgamyna girizmek wezipesini öňde goýýan ýörite iş toparyny döretmek, şeýle-de “Ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ornuny ýokarlandyrmak hakynda” BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna innowasion çemeleşmäni beýan edýän teklipleriniň möhümdigi foruma gatnaşan dünýäniň 40-a golaý ýurdunyň hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekilleri, şeýle-de Awazada geçirilen bu çäräni beýan eden esasy habarlar agentlikleri tarapyndan tassyklanyldy.

Utgaşykly görnüşde guralan mediaforuma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, “TASS”, “TRT”, “Anadolu Ajansi”, “SNG+MIR/SNG+HYTAÝ”, “CGTN-Russian”, “Rossiýa 24” ýaly habarlar gulluklarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU), “AzTV”, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, “Korean Broadcasting System” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bularyň ählisiniň Awazada geçirilen halkara maslahatyň işini beýan edendiklerini bellemek gerek.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wekilçilikli forumyň öz wagtynda geçirilendigini hem-de onuň döwrüň talap edýän, ähli döwletleriň, esasan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin ähmiýetli bolan ulag arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täzeçil syýasy çözgütleri işläp taýýarlamak babatda möhümdigini aýratyn bellediler.

Şonuň bilen birlikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumyň ýokary guramaçylyk derejesine üns çekildi. Şol sanda talabalaýyk tehniki üpjünçilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi bellenildi. Onuň netijesinde dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşleri, şeýle-de ulag ulgamynda gazanylanlar we bu ugurda açylýan mümkinçilikler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm orun degişli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara maglumat giňişliginiň ösüş meýilleri, žurnalistikanyň okyjylar, tomaşaçylar, radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşyklarynyň täze ugurlary we usullary, halkara goşulyşmak ulgamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny has giňden beýan etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biziň ýurdumyz daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen Watanymyzyň ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy bilen baglanyşykly täzelikleri, giňişleýin syn beriji maglumatlary alyşýarlar. Iri habarlar agentlikleri, öňdebaryjy neşirler, teleýaýlymlar bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli içeri we daşary syýasatymyzyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegini öz içine alýan toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň metbugat serişdeleriniň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler hem şu gezekki mediaforumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Dünýäniň maglumatlar giňişliginde Türkmenistan baradaky ygtybarly habarlary ýaýratmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, onuň gazanýan üstünlikleri we ýeten derejesi, dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek, alyp görkezmegiň, neşir etmegiň we elektron metbugatyň täze görnüşleriniň hem-de ugurlarynyň emele gelmegi bilen, onuň döredijilik taýdan özleşdirilişi hakyndaky dessin we anyk täze habarlary media giňişliginde has işjeň, giňden beýan etmek ilkinji derejeli wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Mediaforuma gatnaşyjylar milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu gezekki çäräniň ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak hem-de bu ugurda uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda netijeli mümkinçilik bolandygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň žurnalistikasynda öňdebaryjy iş tejribeleriniň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň öwrenilmegi we işjeň peýdalanylmagy dünýäniň maglumat giňişliginde gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam berer.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow