Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 11-njy Noýabr
Resmi
Resmi habarlar 11-njy Noýabr
Çap edildi 11.11.2016
2237

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň taslamalaryny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany, eltiji awtomobil ýoluny gurmak, degişli ýöriteleşdirilen awtoulag serişdelerini satyn alyp bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar etmek tabşyryldy. *** “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy; “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna garamagyndaky “Hökümet awiasiýasy” kärhanasyny bellenen tertipde “Hökümet awiasiýa topary” diýip atlandyrmak, onuň Tertipnamasyny we Gözükdirijisini işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. *** “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň çäklerinde awtomobil ulag serişdeleri dolandyrylýan mahaly üçünji taraplaryň bähbitlerini (ömrüni, saglygyny we emlägini) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna we awtomobil ulag serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan beýleki döwlet edaralaryna awtomobil ulag serişdeleri bellige alnanda, bellige alnyşa üýtgetme girizilende we tehniki gözegçilikden geçirilende awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. *** Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan döwletli işleri, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, žurnalistikasyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap edilýär.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow