Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2022: bäşinji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2022: bäşinji gün
Çap edildi 26.06.2022
1578

Mary welaýatynda geçirilýän giň gerimli medeniýet baýramçylygy üstünlikli dowam edýär. Döredijilik forumynyň köpugurly maksatnamasyna laýyklykda, “Gadymy Merwe syýahat” atly çagalar surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi, maşgala aýdym-saz toparlarynyň hem-de bagşylar öýüniň işini kämilleşdirmek, dutar we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak boýunça usuly maslahat, konsert hem-de sergi geçirildi. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda “Ylahy yşgyň kyssasy” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Mary welaýatynyň kitaphanasynda “Ýaş žurnalist we döwür” atly maslahat geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde kitaplaryň hem-de amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň sergisi öz işini dowam edýär.

Medeni forumyň çäklerinde geçirilen maslahatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzyň döwlet ösüşinde, döwürleýin neşirleriň derejesini ýokarlandyrmakda, sanly tehnologiýalar arkaly milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini, žurnalistikany kämilleşdirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri işjeň ulanmakda žurnalistleriň eýeleýän orny we dünýä maglumat giňişliginde olaryň özara gatnaşyklary üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde Watanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde onuň işini kämilleşdirmek, Diýarymyzyň şu günki ýeten derejesini wagyz etmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini düşündirmek boýunça anyk wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşinde, daşary ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmekde, dünýä halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Döredijilik forumynyň çäklerinde Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde “Gadymy Merwe syýahat” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Bu bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda has zehinlileri ýüze çykarmak we höweslendirmek, amaly-haşam sungatyny, halkymyzyň çeper senetçiligini wagyz etmek maksady bilen guraldy. Bäsleşik nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, neçjarçylyk we gobelen ýaly bäş ugur boýunça geçirildi. Onda eserleriň özboluşlylygy, medeni ähmiýeti we ýerine ýetirijilik ussatlygy göz öňünde tutuldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň eserleriniň köpugurly we köpöwüşginlidigine garamazdan, olary mähriban Watanymyza bolan söýgi, türkmen halkynyň taryhyna, ajaýyp tebigatymyza buýsanç birleşdirýär.

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenenden soňra, ýeňijilere Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde usulyýet maslahaty geçirildi. Duşuşyk başlamazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar binanyň eýwanynda guralan sergä aýlanyp gördüler. Sergide halkymyzyň aýdym-saz sungatyna degişli edebiýatlar, dutar, gyjak, gopuz, tüýdük we beýleki milli saz gurallary görkezildi. Bu ýerdäki gymmatlyklarda halk sazandalarynyň, senetçilerdir ussalaryň hem-de türkmen sazlaryny wagyz edijileriň döredijiligi barada giňişleýin maglumat berilýär. Ussat bagşylar bilen ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary, dutar ýasamagyň aýratynlyklary halypa-şägirtlik ýolunyň döwrebap ösdürilýändigini görkezdi.

Duşuşyga gatnaşýan medeniýet işgärleri, alymlar we bu ugra degişli ýöriteleşdirilen mekdepleriň mugallymlary milli bagşyçylyk mekdebiniň kämildigini, türkmen dessanlaryny we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň sungata söýgüsini, watansöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly milli gymmatlyklaryň nesilleri hem-de döwürleri baglanyşdyrýandygyny nygtadylar.

Şeýle-de maşgala aýdym-saz toparlaryň işini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň geljegi, milli saz gurallaryny ýasamagyň usullary baradaky gollanmalary işläp taýýarlamakda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Çykyş edenler halkymyzyň dutar ýasamak we dutarda saz çalmak ussatlygyny sungat derejesine çykarandygyny, onuň dünýä gymmatlyklarynyň hazynasynda mynasyp orun alandygyny bellediler. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Ol hemişe-de şöhratly pederlerimiziň hemrasy bolupdyr. Adamlar dutara öz ýürek duýgusyny, nurana arzuwlaryny siňdiripdirler.

Bu ýerde guralan çäre maşgala aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Onda “Watanym”, “Türkmeniň”, “Pyragyny gören daglar” we beýleki aýdymlar ýaňlandy. Bu çykyşlar türkmen saz sungatynyň şöhratyny artdyrmaga, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirildi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde teatr ussatlarynyň täze sahna eserleriniň ilkinji gezek görkezilmegi asylly däbe öwrüldi. Şoňa görä-de, şu gün hem Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary teatr sungatyna sarpa goýýanlar üçin “Ylahy yşgyň kyssasy” atly sahna eserini sowgat etdi. Milli ýörelgelere esaslanýan köpöwüşginli sahna eseri türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Şunda tomaşaçylar halkymyzyň köpasyrlyk ruhy gymmatlyklaryny saklamagyň hem-de baýlaşdyrmagyň wajypdygyny ündeýän, sungatyň belent ruhuň we güýç-kuwwatyň çeşmesidigini ykrar edýän pursatlara uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary “Ylahy yşgyň kyssasy” atly sahna eseriniň şowly çykandygyny tassyklady.

* * *

Ýurdumyzyň Baş akademiki drama teatrynda gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň durmuş hem-de döredijilik ýoluna bagyşlanyp goýlan “Magtymguly” atly sahna oýny Medeniýet hepdeligine gabatlanyp guralan dabaraly çäreleriň maksatnamasynyň üstüni ýetirdi.

Şeýlelikde, Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky gününiň wakalary ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň ýeten sepgitlerini, okgunly ösüşini doly derejede beýan etdi. Munuň özi jemgyýetimiziň döredijilik mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine ýardam berýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow