Her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynyň birinde hem-de paýtagtymyzda guralmagy ýola goýlan Medeniýet hepdeligi medeniýet ulgamynyň ýeten sepgitlerini görkezmekde, döredijilik işgärleriniň arasynda tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir. Bu forum ata Watanymyzyň durmuşyndaky şanly wakalaryň hatarynda ýatda galyjy dabara öwrüldi. Şu günki baýramçylyk maksatnamasy Diýarymyzyň günorta sebitiniň dürli künjeklerinde geçirilýän çäreleri özünde jemläp, iň gowy däplerimiziň hem-de ynsanperwer taglymlaryň dowamat-dowam bolýandygyny görkezdi.
“Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahaty, sanly ulgam arkaly halkara sdürmegiň esasy ugurlary” atly iş maslahaty hem-de öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we fotosuratçylaryň sergisi, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesiniň ýerleşýändigini, onuň gadymy döwürlerden bäri ylmyň, edebiýatyň hem-de sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdygyny nygtady. Munuň özi ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Günüň birinji ýarymynda bu giň gerimli döredijilik çäresine gatnaşyjylar üçin «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary» atly meýdan şertlerindäki okuw maslahaty geçirildi. Özboluşly ýadygärlikleriň bu toplumy dünýäniň ähli künjeginden köp sanly syýahatçylary özüne çekip, şol bir wagtyň özünde ylmy-barlaglaryň we täze açyşlaryň barlaghanasy bolup hem hyzmat edýär.
Ir bilen medeni foruma gatnaşyjylar mundan müň ýyldan gowrak ozal çig kerpiçden gurlan Uly Gyzgala baryp gördüler. Ölçegleri bilen haýran galdyrýan Uly Gyzgala Soltangalanyň günbatarynda ýerleşip, biziň eýýamymyzyň VI-VII asyrlaryna degişlidir. Bu ýadygärlik gözelligi bilen häzir hem görenleri haýran galdyrýar. Galanyň berk diwarlary 15 metr beýiklige çenli saklanyp galypdyr. Ýokarky gatyň binalary ýykylyp, diňe daşky diwarlaryň esasy bölegi başky görnüşinde saklanypdyr.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugruň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär, ähli welaýatlarda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we rejelemek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Milli hem-de daşary ýurtly alymlar üçin uly gyzyklanma döredýän ýadygärliklerde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Ine, häzirki wagtda hem ýurdumyzyň hünärmenleri ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen bilelikde, gadymy binagärligiň bu desgasyny rejelemek boýunça toplumlaýyn taslamany işläp taýýarlaýarlar. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar bu meşhur ýadygärligiň taryhy, goraghananyň muzeýindäki arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar. Desgalaryň gymmatyny tassyklaýan hem-de mundan beýläk-de öwrenilmegini talap edýän soňky ylmy açyşlar barada maglumat aldylar. Foruma gatnaşyjylara sahabalaryň kümmeti binagärlik toplumyna baryp görmek mümkinçiligi-de döredildi.
Soňra medeni çäreler Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşygy, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý işi ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de ýurdumyzdaky öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwy geçirildi. Bu döredijilik çäresine Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, “Gökdepe” milli muzeýiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, welaýat muzeýleriniň işgärleri, öý muzeýleriniň eýeleri, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, taryhçy alymlar, etnograflar, arheologlar, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Ýygnananlaryň öňünde Mary şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar topary çykyş etdi. Ýaşajyk bagşylaryň çykyşy aýdym-saz sungatynyň halk tarapyndan çäksiz söýülýändigini görkezdi. Munuň özi halypa-şägirtlik ýolunyň uly ähmiýete eýedigine hem güwä geçýär. Şol ýoluň dowam etdirilmegi netijesinde milli medeniýetimiz özboluşlylygyny we köpugurlylygyny şu güne çenli saklady. Muzeýde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, welaýat muzeýleriniň gymmatlyklary, Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işleri görkezildi.
Tomaşaçylar, ilki bilen, Döwlet muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklar — gadymy lybaslar, ajaýyp şaý-sepler, nepis halylar we kilimler, türkmen amaly-haşam sungatynyň taryhy barada gürrüň berýän esbaplar bilen tanyşdylar. Şeýle hem eýwanda etnografik we taryhy ugurly fotosuratlar goýlupdyr. Muzeýiň birinji gatynda türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekilleriniň ýerine ýetiren işleri — suratlar, küýze önümleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň diplom işleri bar. Muzeýiň ikinji gatynda onuň “altyn gaznasynyň” esasyny düzýän gymmatlyklar — amaly-haşam sungatynyň, milli şekillendiriş sungatynyň eserleri goýlupdyr.
Utgaşykly görnüşde geçirilen “Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary” atly halkara ylmy-usulyýet duşuşygynda milli mirasymyzy mundan beýläk-de öwrenmek hem-de wagyz etmek, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň tapgyrlaryny açyp görkezýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň hem-de ylmy barlaglaryň netijeleri baradaky çykyşlar diňlenildi.
Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşulyşmak bilen, Türkmenistanda medeni syýahatçylygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de pugtalandyrmak, ony wagyz etmek we ilerletmek meseleleri bu duşuşygyň baş maksadydyr.
Maslahatda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri baradaky wideoşekiller, slaýdlar görkezildi. Olar Diýarymyzyň täsin taryhy-medeni künjekleri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň maddy däl medeni mirasy bilen tanyşdyrýar. Türkmen tarapy Watanymyzyň daşary ýurtly raýatlar üçin syýahatçylyk ulgamynda öz mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan giňeldýändigini belledi. Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän täsin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler boýunça syýahatçylyk ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç” taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary hem-de Garagum sährasy, Köýtendag gözellikleri syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Duşuşykda gadymyýetde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine-de garaldy. Wideomaslahatyň barşynda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine degişli dürli çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzyň taryhy-medeni, ekologiýa, sagaldyş syýahatçylygynyň ägirt uly mümkinçilikleri beýan edildi.
Muzeý işgärleriniň duşuşygynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda muzeý işini ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň meselelerine deglip geçildi, türkmen halkynyň örän baý mirasyny goramak, öwrenmek hem-de halkara derejede wagyz etmek, sungatyň häzirki zaman gazananlaryny, bu işde muzeýleriň eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň käbiridir. Maslahata gatnaşyjylar taryhy we medeni ugurlar boýunça geçiren barlaglarynyň anyk netijeleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle işler milli sungatymyzyň kemala gelmeginiň hem-de onuň dürli ugurlarynyň ösüşiniň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Muzeýlerde geçirilýän ylmy-barlag işlerini hem-de ylmy işgärleri taýýarlamagyň ýörelgelerini kämilleşdirmek duşuşykda garalan aýratyn mesele boldy.
Türkmen halkynyň täsin ruhy baýlygyny talabalaýyk gorap saklamak, hasaba almak hem-de baýlaşdyrmak, medeniýetleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça muzeýlere bildirilýän esasy talaplara üns çekildi. Maslahatda muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde öňde goýlan wezipeler boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Türkmen halkynyň taryhy, özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.
Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähmiýetli orny bellenildi. Sungatyň bu ugruna dürli döredijilik ugurlary, usullar we ýörelgeler mahsusdyr. Sungat ussatlary tarapyndan döredilýän nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk hem-de külalçylyk eserleri, zergärçilik önümleri, halylar we haly önümleri — bularyň ählisi ynsana, tebigata, mähriban topraga çäksiz söýgä ýugrulandyr hem-de türkmen jemgyýetiniň baý ruhy durmuşynyň subutnamalarydyr.
Çykyşlarda häzirki wagtda muzeý sergilerini we gaznalaryny guramak işine täze usullaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde muzeýlerde döredilen saýtlaryň ähmiýeti bellenildi.
Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki muzeýler we kitaphanalar medeni ojaklar bolup durýar. Olar ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanylan çeper gymmatlyklary, täsin taryhy subutnamalary we tapyndylary özlerinde birleşdirýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň muzeýlerine gelýänleriň sany ep-esli köpeldi, munuň özi watandaşlarymyzyň Garaşsyz döwletimiziň mirasyna ünsüniň, oňa daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanmalarynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Şunda öý muzeýleri hem uly ähmiýete eýedir. Bu barada usulyýet okuwynda hem bellenildi. Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini, täzeçil usullary, alnyp barylýan ylmy-usulyýet işleriniň guralyşynyň ugurlaryny öwrenmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün medeni çäreleriň çäklerinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmler görkezildi. “Owaz” we “Binýat” atly filmlerde türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna aýawly çemeleşýändigi, Watana bolan çäksiz söýgi, parasatlylyk hem-de asyllylyk barada gürrüň berilýär. Mundan başga-da, myhmanlar üçin Mary şäheriniň ajaýyp künjekleri boýunça gezelençler guraldy.
Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleriniň dowamynda Mary şäheriniň iç keseller hassahanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Bejeriş-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri A.Burunow bilen Mary welaýatynyň saglygy goraýyş işgärleriniň duşuşygy geçirildi.
Döredijilik forumynyň üçünji güni konsert bilen tamamlandy. Onda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň aýdymçylary hem-de döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Halk we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar türkmen topragyny, halkymyzy, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny wasp edýän aýdymçylaryň ruhubelentligine we zehinlerine ýokary baha berip, çykyşlary joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.