Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi
Jemgyýet
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi
Çap edildi 25.05.2022
2350

Şu gün türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän bu gözden geçiriliş paýtagtymyzyň gözel keşbinde öz beýanyny tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini aýdyň açyp görkezýär. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Sergide görkezilýän taslamalaryň köpüsi şu ýyllaryň dowamynda paýtagtymyza bezeg berýän ajaýyp binalaryň hem-de binagärlik toplumlarynyň mysalynda durmuşa geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň anyk subutnamalary hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýurdumyzda emele gelen durnukly ykdysady hem-de syýasy ýagdaý, kanuny taýdan kepillikler we döwlet goldawy daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň biridir. Ýakyn geljek üçin maýa goýumlary höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylanda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny hem-de senagatlaşdyrmagyň derejesini çaltlandyrmak, tehnologik işleri ösdürmek, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esas goýujy ýörelgeler hasaba alyndy.

Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Däp bolan bu çärä uly gyzyklanma bildirilmeginiň sebäbi öz-özünden düşnüklidir. Aşgabat ykrar edilen iri işewürlik hem-de medeni merkeze öwrülmek bilen, okgunly ösýän häzirki zaman şäheriň täsin nusgasydyr, bu ýerde hemme zat adamyň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde iň täze binagärlik işläp taýýarlamalary, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki wagtda bina edilýän ähli gurluşyk desgalaryna bildirilýän ýokary talaplardyr.

Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler. Bu ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde — surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Söwda-senagat edarasynyň giň sergi bölümlerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi: aýdym-sazlar ýaňlanýar, halk tanslary ýerine ýetirilýär, milli lybasdaky gyzlar gelýänlere duz-tagam hödürleýärler.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen we daşary ýurtly telekeçiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat “Aziýanyň merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi” diýlip nygtalýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplary döwrebaplaşdyryldy, täze iri ýaşaýyş toplumlary, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy. Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň hemişe arassa bolmagy ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň baş şäheri ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy netijesinde barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, täzeçil sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Şu gezekki sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň dürli tapgyrlaryny hem-de pudaklaryň ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, zähmet çekmek we dynç almak üçin talabalaýyk şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyny, daşary ýurt kompaniýalarynyň milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini açyp görkezýär.

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler. Serginiň mazmuny we maglumat berijilik ugry, ilkinji nobatda, häzirki wagtda Türkmenistanda uly islege eýe bolan hyzmatdaşlyk ulgamlaryna gönükdirilendir. Şolaryň biri daşary ýurtly maýadarlardyr işewürler tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolan, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we çalt depginlerde ösýän gurluşyk pudagydyr.

Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary — «Bouygues Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Ticaret», «Interbudmontaž», «Altkom», “Ýol gurluşygy”, «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.», «Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şol sanda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar boýunça innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

Önüm öndürijileriň aglabasy energiýany tygşytlamagyň, awtomatlaşdyrylan we kompýuter ulgamlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna inženerçilik-kommunikasiýa şäher torlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalara daýanýarlar. Ykjam enjamlary işläp taýýarlamagyň konsepsiýalarynyň zerurlygy artýar. Şoňa görä-de, bu ugur hem sergide öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat we kommunikasiýalar, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ulag-logistika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamy döredildi. Ol iri halkara we sebit derejelerindäki deňiz, awtomobil, demir ýol we howa halkalaryna çykalgasy bolan howa hem-de ýerüsti ýollary birleşdirýär. Bular barada ulag ulgamynyň ministrlikleriniň, onuň kärhanalarynyň diwarlyklary anyk gürrüň berýär.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda gurluşyk senagaty we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bar. Bu ulgamda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Onda gazanylan üstünlikleri bezeg daşlaryny, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armaturany, reňk önümlerini, elektron we beýleki önümleri öndürýän pudagyň iri kärhanalarynyň sergi bölümi görkezýär. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Energetika ministrliginiň sergi bölümlerinde, şekilleri beýan edýän ýörite usullar arkaly, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depgini şöhlelendirilýär. Munuň özi çalt ösýän düzümlerdir hem-de ýurdumyzyň ähli çäklerinden müňlerçe kilometre çekilen elektrik geçiriji ulgamlardyr.

Aşgabat şäher häkimligi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde deňsiz-taýsyz üstünlikleri görkezdi. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şäher seýilgählerini bezeýän dürli görnüşli güllerdir bag nahallary, tutuş ýurdumyz boýunça döredilen tebigy gözellikler sergi bölümine aýratyn öwüşgin berdi. Bu ýerde nahallary ösdürip ýetişdirmek, seýilgählere niýetlenen germewleriň, bezeg serişdeleriniň, mebelleriň we olaryň degişli enjamlarynyň, aşhana enjamlarynyň, durmuşda ulanylýan aýnadan taýýarlanylýan önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň harytlary hem bar.

Häzirki zaman şäheriniň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ýokary tehnologiýalara aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Bu günki gün innowasiýalar hem-de nou-haular paýtagtymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda — inženerçilik-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim, medeni ulgamlara çenli ähli ugurlarda işjeň ulanylýar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Ol nusgawy şahyrlarymyzyň, çagalar üçin çeper edebiýatlaryň, şol sanda terjime eserleriniň neşir edilmegine uly ähmiýet berilýän ýurdumyzda neşirýat we çaphana işini giňden açyp görkezýär. Sergide Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýurdumyzda bolşy ýaly, dürli dillere terjime edilmegi arkaly, daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolan eserleri aýratyn orun eýeledi.

Döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşantlaryny ýyl-ýyldan artdyrýan türkmen işewürliginiň wekilleri halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik pudaklarynda eýeleýän orunlaryny barha berkidýärler. Diýarymyzyň telekeçileri sergide alyp barýan işleriniň ugurlarynyň örän köpdürlüdigini görkezýärler. Hususy gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-Gurluşyk”, “Arassa söwda gurluşyk”, “Zehinli iş”, “Altyn” we beýlekiler bar.

Häzirki sergi Türkmenistanda eýýäm ýakyn wagtda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde döwrebap senagat we elektron önümleri öndüriji bolan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi hemmeleriň ünsüni çekdi. Hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artýar hem-de iki SIM-kartly öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split-sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary (routerleri) hem-de içimlik suwy sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerleri özünde jemleýär.

Açyk sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň “Çigildem”, “Aýbölek” ýaly esasy öndürijileriniň mebel önümleri ýerleşdirildi, olarda gurluşyk enjamlary hem-de halkyň sarp edýän tehnikalarydyr harytlary mahabatlandyrylýar. Şeýle-de serginiň çäklerinde ajaýyp gölli halylar, göz gamaşdyryjy reňkleri bilen ýalpyldaýan owadan zergärçilik önümleri görkezilýär. Türkmen öndürijileriniň — “Turkmenistan Coca Cola bottlers”, “Gönezlik”, “Sada” hojalyk jemgyýetleriniň azyk önümleri hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Olar ýokary hil derejesi bilen sarp edijileriň arasynda meşhurlyga eýedir. Bu önümleriň ählisiniň kabul edilen halkara ekologik we estetiki talaplaryň ölçeglerine laýyklykda gaplanyp bezelendigini hem bellemek gerek. Ýurdumyzyň bazarlaryndaky şeýle harytlar bu ulgamdaky ykdysady özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şol özgertmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, adamlaryň abadançylygyny üpjün etmäge, olaryň saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Aşgabadyň şunuň ýaly gözden geçirilişiň her birini täze sepgitlere tarap nobatdaky ädimi ätmek bilen garşylaýandygyny görkezmeginiň özboluşly manysy bar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan taslamalaryň ýyl-ýyldan gadamlary barha batly, gerimi bolsa örän uludyr.

Ertir sergi işini dowam eder.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow