Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Görogly” şadessany—milli we dünýä ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi
Medeniýet
“Görogly” şadessany—milli we dünýä ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi
Çap edildi 02.11.2016
8961

Aşgabat, 2-nji noýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan maslahatyň guramaçysy hökmünde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär. Milli Liderimiziň döwletimizi ösdürmegiň täze tapgyrynda öňe süren ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipeleri bolup, olar adamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýüzünde giňden ýaýmaga ýardam edýär. Hut şu maksatlar daşary ýurt ylmy toparlarynyň wekilleriniň—dünýäniň on bäş ýurdundan iri medeni merkezleriň ýolbaşçylarynyň, taryhçylaryň, gündogary öwrenijileriň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýat şynaslaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň hünärmenleriniň ünsüni özüne çeken maslahatyň esasyny düzýär. Mälim bolşy ýaly, UNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komiteti Türkmenistanyň hödürlän “Görogly” şadessanyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşdy. Bu komitetiň mežlisi 2015-nji ýylda Namibiýada geçirildi. “Görogly” şadessany—bu ady rowaýata öwrülen Göroglynyň we onuň kyrk ýigidiniň edermenligini beýan edýän tymsallar däbidir. Ýurdumyzda dessan aýdyjylar şol däbi dowam edýärler. Şadessany ýerine ýetirmek onuň şahalaryny gürrüň bermegi, ýerine ýetirilmegini, aýdym edilip aýdylmagyny we saz çalynmagyny öz içine alýar. Bu däp türkmen halkynyň beýik watançylyk duýgusyny şöhlelendirýär hem-de onuň mertlik, halallyk, dostluk we wepalylyk ýaly häsiýetlerini şöhratlandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, ozal UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň ýadygärlikleri goşuldy. Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we edaralaryň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, ylym we medeniýet işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny dabaraly ýagdaýda diňlediler. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutlap, onuň öňünde durýan esasy wezipe bu gymmatly eseriň dünýä medeniýetindäki ornunyň we ähmiýetiniň näderejede uludygyny açyp görkezmekden, şadessanda beýan edilýän umumyadamzat bähbitli garaýyşlaryň many-mazmunyny çuňňur öwrenmekden hem-de dünýä ýaýmakdan ybaratdyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Görnükli edebi ýadygärligi köptaraplaýyn öwrenmek işinde Halkara ylmy maslahatyň ähmiýeti umumy mejlise gatnaşyjylaryň – UNESKO-nyň, Belgiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan bolan ylmy toparlaryň wekilleriniň çykyşlarynda bellenildi. “Görogly” şadessanyny dünýä ýaýmak meseleleri boýunça pikir alyşmagyň barşynda çykyş edenler medeniýetleriň özara täsiriniň, halk däplerini, döredijiligini öwrenmegiň, maddy däl ruhy mirasy aýawly saklamagyň möhüm meselelerini gozgadylar. Şunuň bilen baglylykda, UNESKO bilen ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara ylmy alyşmalary, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin täze mümkinçilikler açyldy diýip bellediler. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň oňyn häsiýeti aýratyn bellenildi. Göroglynyň taryhy we edebi keşbi, şadessanyň Gündogaryň ýurtlarynyň edebiýatynyň ösmegine täsiri maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Şadessanyň dowamlylygy bolsa eseriň çeper we estetiki ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Türkmen bagşylary Görogly hakynda rowaýatlary nesilden-nesle geçirip, olary özboluşly aýdym sungaty bilen bezäpdirler, bu sungat dessançylyk ussatlygynyň ýerine ýetirijilik mekdebini aýdyň şöhlelendirýärler. Rowaýatyň giňden ýaýramagynda onuň iki görnüşi: epiki we aýdym görnüşi uly orun eýeläp, gahrymanyň köptaraplaýyn şahsyýetini şöhlelendirýär. Şadessanyň kyssa böleginde Görogly serkerde, adalatlylygyň tarapdary, ygtybarly, şahandaz adam hökmünde görkezilse, aýdymly böleginde ol şahyr, bagşy, sazanda hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň bu gymmatly esere bolan uly gyzyklanmasy onuň milli we dünýä medeniýetiniň ösüşine oňyn täsiri bilen düşündirilýär. Rowaýaty gürrüň bermekde jemlenen belent dünýä garaýyşlary hem-de dürli dillerde ýaňlanan gymmatlyklar şadessanyň häzirki döwürde giňden meşhur bolmagyny şertlendirýär. Medeni mirasy aýawly saklamak işinde tejribe alyşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildiren daşary ýurtly ylmy toparlaryň wekilleri türki halklaryň dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşasa-da, bir bitewi etniki, ruhy we taryhy kökleri bilen birleşendir, olaryň özara gatnaşyklary bolsa gadymy medeniýetleriň baýlaşmagyna ýardam edýär diýip bellediler. Görnükli edebi eser barada söhbet günüň ikinji ýarymynda üç bölümiň işiniň barşynda dowam edip, olarda türkmen şadessanynyň çeşmelerini öwrenmegiň möhüm meseleleri gozgaldy. Folklor-epiki ýadygärligiň häsiýetini we taryhyny seljermäge, žanr özboluşlylygyna, onuň keşpleriniň ideologik mazmunyna we şahyrana nusgasyna bagyşlanan çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmeniň orta asyr döwrüni öwrenmegiň hem-de eseri dünýäniň dürli dillerine terjime etmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler türkmen halkynyň ykbalyny özünde suratlandyran şadessanyň terbiýeçilik ähmiýetini bellediler. Görogly hakynda rowaýatlar Watanyň abraýy we azatlygy ugrunda göreşen gaýduwsyz pälwanlaryň gahrymançylygy hakynda gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, özboluşly ahlak kodeksi bolup durýar. Saza geçirilen wesýetler, çagyryşlar, monologlar we gepleşikler türkmeniň ençeme neslini Watana bolan söýginiň ruhunda terbiýeläp, durmuşda özüňi alyp barmagyň kadalaryny öwredip gelýär. Maslahata gatnaşyjylar Görogly şadessanyny öwrenmegiň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň tutuş adamzadyň örän gymmatly baýlygy bolup durýandygyny biragyzdan bellediler. Alymlaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň ýokary ahlak we estetiki garaýyşlarynyň beýany, onuň etiki döredijiliginiň adaty däl çuňňurlygynyň subutnamasy bolmak bilen, “Görogly” şadessany dünýäniň ruhy-intellektual ösüşiň ähmiýetli ýadygärlikleriniň biri bolup durýar diýlip bellenildi. Eposy hemmetaraplaýyn öwrenmäge belilýän üns ony aýawly saklamak hem-de geljekki nesillere hakyky görnüşinde ýetirmek maksadynda medeni mirasy öwrenmek zerurlygy bilen baglydyr. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gündogaryň halklarynyň çeperçilik pikiriniň ösmegine uly täsirini ýetiren “Görogly” şadessanynyň ähmiýeti taryhy çäklerden, şeýle hem milli serhetlerden alyslara çykýar. Şonuň üçin bu ugurda geçirilen ylmy-barlag işleri düýpli ähmiýete eýe bolup, bize ýazuw görnüşinde gelip ýeten antiki we orta asyr eposyna düşünmegiň açary bolup hyzmat edip biler. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy mirasyny çuňňur öwrenmäge, Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi berkitmegiň bähbidine halklaryň we olaryň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna ýardam edýän netijeli ylmy gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini biragyzdan bellediler. Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onuň ekspozisiýasyna amaly-haşam sungatyň eserleri, häzirki döwrüň suratkeşleriniň işleri girizildi. Şol işlerde ýurdumyzyň binagärlik ýadygärlikleri, tebigy görnüşler, türkmenleriň we beýleki milletleriň durmuşy suratlandyrylýar. Türkmen zergärleriniň, eli çeper halyçylaryň, keramikaçylaryň we çeper senetleriň beýleki ussatlarynyň täsin eserleri serginiň agramly bölegini düzdi. Olar milli däp-dessurlaryň yzygiderliligini aýdyň şöhlelendirdi. Serginiň aýratyn bölümi meşhur halk bagşylarynyň, saz ussatlarynyň, türkmen halk sazyny we nusgawy şygyrlaryny wagyz edijileriň döredijiligine bagyşlanyldy. Aýawly saklanan gymmatlyklar ýüz ýyldan gowrak döwri gurşap alyp, halk döredijiliginiň görnükli ýerli wekilleri barada gürrüň berýär. Sergide kitaplar bölümi bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri onuň esasyny düzdi. Olar öçmejek milli gymmatlyklary -- okgunly ahalteke bedewleri, ajaýyp türkmen halylary, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada gürrüň berýär. “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy” atly täze kitaba aýratyn orun berildi. Agşam maslahata gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryna bagyp gördüler. Onuň sahnasynda “Saýathan” operasy görkezildi. Özüne çekiji sazly eser milli öwüşginlere beslenip, tomaşaçylara türkmen däp-dessurlarynyň we adatlarynyň özboluşlylygyny duýmaga mümkinçilik döredýär. Ertir halkara ylmy maslahat öz işini dowam eder. Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar türkmen dessançy bagşylarynyň we daşary ýurtly eposy ýerine ýetirijileriň bilelikdäki dostluk konsertine tomaşa ederler.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow