Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
Çap edildi 12.02.2022
4046

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda

Täze taryhy döwürde uly özgerişlikleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine galýar. Söýgüli Watanymyzy gurşap alan guwandyryjy özgertmelerden ruhlanan, onuň bütin dünýädäki barha artýan abraýyna we şöhratyna tüýs ýürekden buýsanýan türkmenistanlylar ýurdumyzda yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny bütin kalplary bilen gyzgyn garşy aldylar. Olar jemgyýetiň durmuşyny özgertmek, onuň röwşen geljegi üçin yhlasdyr joşgun bilen zähmet çekýärler.

Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri ykrar edilen ýörelgeleri milli ylalaşygy, pugta döwletliligi özünde jemläp, demokratik ösüşiň aýratynlyklaryny we ýurdumyzyň taryhynyň häzirki tapgyryndaky öňegidişligini üpjün edýär. Halkymyzyň döwlet berkararlygynyň möhüm ugurlaryny kemala getirýän ýörelgeleri Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şertidir.

Döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ösdürmek üçin ähli serişdeleri, mümkinçilikleri peýdalanmagy möhüm wezipe hökmünde öňe sürýär. Halkara we sebitara ähmiýetli maýa goýum taslamalaryna, giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işler yzygiderli dowam edýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär we geljege ynamyny has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda üstünlikli amala aşyrylan giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etdi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň agzalarynyň hem-de halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär:

1. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň uzak geljege gönükdirilen esasy ugurlaryny we geljek 30 ýylda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn işleri tassyklamaly.

2. «Halkyň Arkadagly zamanasynda» durmuşa geçirilýän Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň uzak geljege gönükdirilen esasy ugurlaryny we beýik özgertmeleri nazarlaýan taryhy başlangyçlary, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri wagyz etmegi we ilata düşündirmegi, bu ugurda ýokary işjeňlik hem-de raýat düşünjeliligini görkezmäge çagyryşlary ýaýbaňlandyrmagy Türkmenistanyň döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 11-nji fewraly.

Soňky habarlar
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow