Baş sahypa
\
Resmi
\
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglamak, harby we ýörite atlar dakmak hem-de hünär derejeleri bermek
Resmi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglamak, harby we ýörite atlar dakmak hem-de hünär derejeleri bermek
Çap edildi 27.01.2022
3057

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde, howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, harby we hukuk goraýjy edaralar üçin hünärmenleri taýýarlamakda, goşunlaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyny saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýyllaryna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişlere işjeň gatnaşandyklaryny we ýörişleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşan şahsy goşantlaryny, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirýändiklerini göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

***

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Soňky habarlar
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow