Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2021-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Teswirlemeler
2021-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Çap edildi 08.11.2021
3219

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen netijeli-syýasy hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Syn berilýän aýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de abraýly guramalar bilen geçiren duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri, işewürlik gepleşikleridir forumlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Goňşy döwletler bilen mizemez dostlugyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň köpasyrlyk däplerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudyr.

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toparyna seredildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigi bellenildi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taraplaryň taýýardygy beýan edildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek Özbegistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň hem esasy ugrudyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oktýabr aýynyň başynda bu goňşy ýurda amala aşyran iki günlük resmi saparynyň dowamynda Daşkendiň “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda geçirilen türkmen-özbek ykdysady forumy ýokary derejedäki duşuşygyň işewürlik esasyny düzdi. Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda umumy bahasy ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna barabar bolan eksport-import amallarynyň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan resminamalara gol çekilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge iki goňşy ýurduň özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlarda, hususan-da, bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Taraplar Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesine degişli ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

7-nji oktýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň başlyklary — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň artýan depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” gol çekildi. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidir.

8-nji oktýabrda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça utgaşykly görnüşde ilkinji Ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu çäre Ýaşlar konferensiýasynyň (COY16) hem-de Glazgoda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynyň (COP26) öň ýanynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.

Dünýäde howanyň üýtgemegine hem-de onuň täsirlerine garşy durmagy güýçlendirmek üçin pikirleri, bilimleri alyşmaga mümkinçilik döreden maslahatyň jemleri boýunça COY16 hem-de COP26 üçin Türkmenistanyň ýaşlarynyň başlangyçlarynyň jemleýji namasy hem-de Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça täzeçil çözgütleriň ýol kartasy kabul edildi.

7-nji oktýabrda daşary syýasat edarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy myhmany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda dürli halkara çärelerde öňe sürýän esasy başlangyçlary we teklipleri bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi we pugtalandyrmagy ugur edinýändigini tassyklady.

Şol günüň ertesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahaty munuň şeýledigini görkezdi. Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma dünýäniň 15 ýurdunyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bütin dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň birleşdirilmegini ugur edinýän lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygyny ýüze çykardy.

10-njy oktýabrda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport” atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilik döreden ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Bu foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan we beýleki ýurtlardan saglygy goraýyş ulgamynyň görnükli alym-professorlary, lukmançylyk ylymlarynyň doktorlary, saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine kybap gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna hem-de türkmen Lideriniň bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň esasy maksady Garaşsyzlygyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmak bilen bagly boldy.

9-njy oktýabrda Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni geçirilip, oňa BAE-de iş sapary bilen bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen sergisi üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1581 inedördül metrdir. Türkmenistanyň bölümi “Ykjamlyk” atly tematik zolakda ýerleşdirilip, onuň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär. Türkmen sergisiniň girelgesiniň ýanynda heýkel-çüwdürim kompozisiýasy ýerleşdirildi. Behişdi bedewleriň bäşisiniň şekili ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap okgunly gadamlaryny, ata Watanymyzyň milli mirasyna sarpany, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýar.

Iri forumyň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygaryny nazara almak bilen bezelen Türkmenistanyň sergisi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň gazananlary, onuň taryhy-medeni mirasy, eksport kuwwaty, dünýäniň ösüşine goşýan goşandy bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrýar.

2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli dowam etjek “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň, dünýä jemgyýetçiliginiň Watanymyzyň iň täze taryhyna bildirýän ägirt uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň iň täze taryhy bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de BAE-niň resmi adamlarynyň gatnaşmagynda bu ýerde geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

12-nji oktýabrda Nur-Sultan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Maslahatyň (AÖHYBÇM) altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystana türkmen wekiliýeti iberildi.

Forumyň barşynda AÖHYBÇM-da Türkmenistana synçy ýurduň derejesiniň berilmeginiň ähmiýeti bellenildi hem-de biziň ýurdumyzyň syýasy gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlyk etmek, umumy sebit we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak arkaly Aziýa yklymynda parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagy goldaýandygy aýratyn nygtaldy.

13-nji oktýabrda DIM-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirliginiň ýolbaşçysy W.Woronkow bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň dürli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny amala aşyrmak babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine seretdiler.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy bilen bilelikde guran III Ýewraziýa Zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Utgaşykly görnüşde geçen duşuşygyň esasy meselesi “Zenanlar: täze ýagdaýlarda ählumumy wezipeler” diýen meseleden ybarat boldy. Oňa gatnaşanlaryň pikirine görä, forum ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde beýleki parlament kärdeşleri bilen pikir we tejribe alyşmak üçin oňat çäredir.

Geçen aýyň ikinji ongünlüginde DIM-de daşary ýurtly diplomatlar — Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýdi, Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyklar geçirildi. Olar alyp barýan işleriniň özara hereketleriň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini bellediler.

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň sanly ulgam arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary söwda tertibiniň Ähtnamasyny işläp taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny tassyklamaga degişli pikir alyşdylar. Hökümet toparynyň agzalary şu ýylyň 30-njy noýabry — 3-nji dekabry aralygynda BSG-niň Ženewada geçiriljek XII ministrler maslahatyna Türkmenistanyň işjeň synçy hökmünde BSG-niň işine gatnaşmak üçin resminamalary tabşyrmak meselelerini giňişleýin öwrendiler.

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň çäklerinde netijeli parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda geljegi nazarlaýan özara gatnaşyklaryň köptaraply parlamentara görnüşlerini has-da giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Geljek ýyl Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçiligine garaldy.

20-nji oktýabrda bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat, gurluşyk serişdelerini öndürmek, dokma pudagy, oba hojalygy babatda hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan VIII türkmen-rus ykdysady forumy geçirildi.

Şol gün Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa duşuşygynyň mejlisi geçirildi. Oňa 10-dan gowrak ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Köptaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Owganystanda ynsanperwerlik taýdan çökgünligiň öňüni almak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmegine hem-de bu ýurtda ösüşiň hemme şertlerini üpjün etmäge degişli möhüm meselelere garaldy. Duşuşykda beýan edilişi ýaly, Türkmenistan goňşy ýurduň syýasy durnuklylygyna, howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we agzybirligine, agzalalyklaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine uly gyzyklanma bildirýär.

Dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek baradaky meseleler 21-nji oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde geçirilen “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň 20-nji mejlisiniň gün tertibine girizildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtadylar. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi.

ÝB bilen gatnaşyklar hereket edýän gurallaryň we düzümleriň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň, Parlamentara gepleşikleriň, Adam hukuklary baradaky gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça netijeli ösdürilýär.

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi. Hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini amala aşyrmak ugrunda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga we iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ykdysady hem-de maýa goýum taýdan hyzmatdaşlyk etmegi üçin oňaýly şertleri döredýändigi barada nygtaldy.

21-nji oktýabrda DIM-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) sebit edarasynyň direktory Wiorel Gusu bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen tarapy FAO-nyň işine ýokary baha berýär hem-de oba hojalygyny durnukly ösdürmek babatda dünýä tejribesiniň ulanylmagyna we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Taraplar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem FAO-nyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak boýunça işleri işjeňleşdirmäge özara taýýardyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, 26 — 28-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary hem-de syýasy geňeşmeleri geçirmek üçin Tähran şäherine iş saparyna ugradyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda uly kuwwatyň bardygy nygtaldy hem-de sebit we halkara düzümleriň ugry boýunça, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara hereketleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

EYR-niň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanma döredýän giň gerimli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi hem-de ähli möhüm ulgamlarda iki ýurduň özara hereketlerini düzgünleşdirýän şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Şonuň bilen birlikde, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

27-nji oktýabrda Tähranda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi bellärliklidir. Oňa Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary hem-de Russiýanyň we Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar. Diplomatlar taraplaryň Owganystanda ýurduň ähli milli toparlarynyň gatnaşmagynda degişli Hökümeti kemala getirmekde özara kömek bermäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly halkara maslahat oktýabr aýynyň möhüm wakasy boldy. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu abraýly forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, onlaýn görnüşde Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna görkezildi. Şeýlelikde, maslahatyň pikir alyşmalaryna sanly ulgam arkaly 30-dan gowrak döwletiň 100-den gowrak kompaniýasynyň, iri guramalaryň hem-de banklaryň wekilleri goşuldylar. Gatnaşýanlaryň düzüminiň şeýle uly möçberde bolmagy dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de uglewodorodyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge içgin gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda duşuşyklar geçirilip, olarda mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi hem-de mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2021-nji ýylyň oktýabrynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen geçirilen duşuşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ynamly barýan, depginli ösýän ýurdumyzyň baý durmuşyna ajaýyp öwüşginleri çaýdy.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow