Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Çap edildi 20.08.2021
14747

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywalyýewiç Purçekow Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Döwletmyradowiç Saparow Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ilatyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň taslamasyny düzmek, ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we binany 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpasyrlyk milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşlylygyny, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, şeýle hem beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary tarapyndan Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hem-de bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

“Diplomatik gulluk hakynda” we “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawy tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow