Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Milli önümleriň halkara sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde netijeli çäre boldy
Teswirlemeler
Milli önümleriň halkara sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde netijeli çäre boldy
Çap edildi 12.08.2021
2496

Ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmäge, şol sanda daşary ykdysady hem-de daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen geçirilen iki günlük ekspoforumyň hormatly myhmanlary boldular.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň esasy pudaklarynyň gazanan üstünliklerini we kuwwatyny aýdyň görkezen sergi täze işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, däbe öwrülen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de täze tehnologiýa işlerini peýdalanmakda we innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça tejribe alyşmakda uly mümkinçilikleri açdy.

Döwrebap sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bäş ýurduň baştutanlarynyň hem-de köp sanly gelip görenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan bu serginiň tapawutly aýratynlygy boldy. Diwersifikasiýa arkaly ösüşiň ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň giň gerimli sergi we onuň çäklerinde geçirilen işewür gepleşikler üçin meýdança öwrülmegi tötänden däldir. Halkara deňiz porty özboluşly innowasion desga bolup, onuň gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy.

Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýän Türkmenistanyň esasy deňiz derwezesi döwrebap ulag düzüminiň möhüm halkasy hökmünde ykrar edilip, ýükleri daşamak üçin tutuş Ýewraziýa giňişliginde täze mümkinçilikleri açdy.

Umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişlikde Türkmenistanda hem-de Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda öndürilen önümleriň sergileri ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda sebitiň ýurtlarynyň ýangyç-energetika toplumynda, oba hojalygynda, azyk, dokma we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşyk serişdeleriniň hem-de elektrik enjamlarynyň önümçiliginde, IT-tehnologiýalary, ulag we logistika ugurlarynda ýöriteleşdirilen döwlet hem-de hususy kärhanalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu tutumly serginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilmeginiň çuňňur mazmunynyň bardygyny aýratyn belledi.

Gutlagda gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýandygyny, olaryň halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, gadymy hoşniýetli goňşuçylygyň, dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtalýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň öz harytlaryny dünýä hem-de sebit bazarlaryna eksport etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge doly taýýardygyny belläp, bu giň möçberli halkara sergisiniň dowamynda işewürleriň özara ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge we tejribe alyşmaga, gatnaşyklaryň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik aljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň ýurdumyzyň sergi bölümi has uly meýdanda ýerleşdi, bu ýerde esasy pudaklaryň üstünlikleri we gazananlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlary görkezildi. Şol syýasat kuwwatly ykdysadyýeti hem-de adamlaryň ösen durmuş derejesine eýe bolan, ähli babatda gülläp ösýän döwleti gurmak bilen baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, şol maksada ýetmek üçin milli Liderimiziň baştutanlygynda düýpli özgertmeler, bilim we ylym ulgamyny höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, telekeçilik üçin ähli şertler döredilýär, täze önümçilikleri döretmek, senagat düzümini berkitmek we giňeltmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Pudaklar boýunça bölümlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de beýleki maksatnamalaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler täze obalaryň hem-de şäherleriň, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş we düzümleýin maksatly köp sanly desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berildi.

Halkara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orny eýeleýän ulag-kommunikasiýa pudagynyň şu günki ýagdaýyna hem-de ony ösdürmegiň geljegine uly üns berildi. Milli ulag strategiýasynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek pikiriniň goýlandygyny bellemek gerek. Häzir bu yklymüsti ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag meselesi boýunça biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar milli Liderimiziň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli teklipleriniň wajypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hem bellärliklidir.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy, energetika ulgamy, azyk we dokma senagaty özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda durýar.

Eziz Diýarymyzda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýän bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler giňden beýan edildi. Kuboklar, baýraklar hem-de ýadygärlik nyşanlary bölümde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy görkezildi.

Ýadygärlik nyşanlarynyň hatarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşan möhüm halkara sport çärelerinde, hususan-da, “Kazan — Aşgabat 2008” hem-de “Amul — Hazar 2018” awtorallisindäki sport egin-eşikleri, sambonyň ösdürilmegi ugrunda bitiren hyzmatlary üçin sambonyň 80 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna berlen şahadatnamalar hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti tarapyndan döwlet Baştutanymyza welosiped sportuny ösdürmekdäki goşandy üçin gowşurylan şahadatnama bar.

Giň gerimli serginiň nesilden-nesle geçip gelen türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny we ruhy däp-dessurlaryny açyp görkezýän bölümi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Halk senetçiliginiň dürli görnüşleriniň — küýzegärçiligiň, amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen kitaplaryň we neşirleriň diwarlygy hem-de döwlet Baştutanymyzyň gymmatly işleri — ylmy monografiýalary, köp jiltli düýpli ylmy barlaglary, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasy baradaky kitaplary üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diwarlyklary hem uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, türkmen telekeçiligine milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, eksport we import önümlerini öndürmekde örän möhüm orun berilýär.

Döwletimiz hususy telekeçilere uly goldaw bermek arkaly, kiçi we orta işewürligiň wekillerini innowasion ykdysadyýeti döretmäge gyzyklandyrýar. Bu bolsa içeri we daşary bazarlarda türkmen harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gös-göni ýardam edýär.

Häzir TSTB-niň agzalary giň gerimli şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, öňdebaryjy işläp düzmeleri giňden ulanýarlar. Muňa mysal hökmünde ak mermerli Aşgabatda, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de beýleki sebitlerde gurulýan dürli maksatly täze desgalary görkezmek bolar. Ýokary innowasion tehnologiýalar we nou-haular şolaryň aýrylmaz bölegidir.

Sergide Türkmenistanyň welaýatlary hem öz önümlerini görkezdiler. Olaryň gazanan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär. Welaýatlaryň taýýarlan diwarlyklary güneşli Diýarymyza özboluşly syýahat etmäge, öndürilýän önümler bilen tanyşmaga kömek etdi.

Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüşi hem-de kuwwaty barada giňişleýin maglumat berýän sergi Türkmenistanda öndürilen önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de olary sebitiň we dünýäniň bazarlaryna üstünlikli çykarmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda bolsa, sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-de giňeltmek üçin baý tejribe toplandygyna şaýatlyk etdi.

Sergini guraýjylaryň gyzykly döredijilikli pikiri — sahnalaşdyrylan çykyşy köp sanly myhmanlarda we sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çykyşyň dowamynda tut agajy bu ýere ýygnananlara doganlyk halklary hemişelik birleşdiren gymmatlyklar hem-de mizemez dostluk barada ses ýazgysyny gönükdirdi.

Sebitiň halklarynyň milli saz gurallary ýasalýan tut agajynyň ýüzlenmesini dutaryň, dombranyň, komuzyň, rubabyň we taryň owazlary gezekli-gezegine alyp göterdiler.

Dostlukly ýurtlaryň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli diwarlyklary döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda gazanan uly üstünliklerini şöhratlandyrdy.

Döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy netijesinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň hem sergi bölümlerinde döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň alyp barýan işleri barada anyk maglumatlar berildi. Sergä gatnaşyjylar öz diwarlyklarynda ýokary hilli eksport harytlaryny, döwrebap tehnologiýalaryny, täze taslamalaryny we işläp düzmelerini görkezmäge çalyşdylar.

Gysgaça aýdylanda, sergä gatnaşyjylara halkara ölçeglere kybap gelýän ýokary hilli önümler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi.

“Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly harytlaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellemek gerek.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagat we oba hojalyk pudagyny hem-de hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän harytlara içeri we daşary bazarlarda isleg yzygiderli artýar.

Munuň şeýledigini serginiň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalary aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň nebithimiýa we gurluşyk önümleri, ýeňil senagatyň harytlary, dünýä meşhur bolan haly önümleri Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň işewürleriniň baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Netijede, bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manatlyga barabar bolan 113 geleşik baglaşyldy.

Mahlasy, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetiren halkara sergi sebitiň ýurtlarynyň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, işewür gepleşikleri, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin hem netijeli çärä öwrüldi. Şol duşuşyklarda sebitimiziň halkara ykdysady giňişlige has-da işjeň goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolan däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sergä gatnaşyjylar giň gerimli forumyň ähmiýetine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýändiginiň, döwlet tarapyndan bilelikdäki taslamalary, ilkinji nobatda innowasion ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna berilýän goldawyň subutnamasy bolandygyny bellediler.

Goňşy ýurtlaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga bildirýän gyzyklanmasy ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam döredýär. Şol hyzmatdaşlyk sebitiň halklarynyň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek bilen bagly köpasyrlyk däpleriniň mäkäm binýadynda üstünlikli guralýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow