Medeniýet hepdeliginiň bu güni köpöwüşginli çykyşlara baý boldy. Onuň maksatnamasy ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dürli künjeklerinde geçirilen, iň gowy däpleriň, ynsanperwer ýörelgeleriň bitewüligini alamatlandyrýan birnäçe çäreleri öz içine aldy.
Ir bilen döredijilik çäresine gatnaşyjylar watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň dogduk obasy bolan Halaç etrabynyň Lamma geňeşliginde garşylanyldy. Bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň duşuşygy hem-de “Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!” ady bilen şahyrana baýramçylyk çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň döredijiliginiň ähmiýeti barada aýdyp: “Olaryň asyrlar aşyp gelen baý edebi mirasy, dürdäne eserleri ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzyň giňden öwrenilýän häzirki döwründe akyldarlarymyzyň parasatly sözleri, nusgawy şahyrlarymyzyň manyly goşgulary türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň belent waspy bolup, köňüllere dolýar” diýip belleýär.
ХVIII — ХIХ asyrlarda ýaşap geçen Seýitnazar Seýdi türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dowam edip, ägirt uly döredijilik mirasyny galdyrdy. Olar, esasan, liriki, watançylyk we terbiýeçilik ähmiýetli eserlerdir. Mälim bolşy ýaly, serkerde şahyr türkmen halk döredijiligini düýpli öwrenipdir. Bu gün şahyryň päk söýgi, türkmen zenanlarynyň gözelligi hakyndaky goşgulary aýdyma öwrüldi. Şahyryň gözellik hakyndaky şygyrlary päkizeligiň, wepadarlygyň nyşany bolup, bagşylaryň dilinden düşmän gelýär.
Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi we ykbaly edebiýaty öwrenijileriň, çeper sözüň muşdaklarynyň gyzyklanmalaryna mynasyp bolýar. Şahyryň dogduk obasyndaky Soltanýaz begiň galasyny ýerli ilat «Seýdiniň galasy» diýip atlandyrýar. Bu ýerde şahyryň hormatyna minnetdar nesiller tarapyndan ýadygärlik dikeldildi. Onuň heýkeliniň ýanynda wepaly ýoldaşy bolan bedewiniň şekili janlandyryldy. Asylly däbe görä, şahyry hatyralamak we ýadygärlige gül desselerini goýmak üçin adamlar, aýratyn-da, ýaşlar köp gelýär. Pederlerimiziň gahrymançylygyna beslenen toprakda, ýadygärligiň ýanynda we gadymy galanyň diwarlarynyň golaýynda watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň goşgulary okalýar.
Ine, bu gün hem şu ýere medeniýet işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, žurnalistler, şygryýetiň muşdaklary we oba adamlary ýygnandylar. Bu ýerde çykyş edenler häzirki döwürde Seýdiniň döreden eserleriniň öz ähmiýetini birjik-de ýitirmeýändigini, olaryň halkymyzyň hakyky dostluk, hakykat, belent söýgi, ahlak gymmatlyklary ýaly asylly ýörelgeleriniň senasyna öwrülendigini nygtadylar. Şahyryň Watana bolan söýgüsi, ylalaşyga we bitewülige çagyryşy onuň mähriban topragynyň ykbaly bilen mydamalyk arabaglanyşygynyň binýadyna öwrüldi.
Meşhur söz ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik çäresiniň dowamynda Seýitnazar Seýdiniň türkmen topragynyň gözelligini wasp edýän goşgy setirleri we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işlere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Bu ýerde guralan baýramçylyk çäresi Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan taýýarlanylan sahna çykyşlary bilen dowam etdi. Magtymgulynyň, Seýdiniň, Keminäniň, Magrupynyň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň keşbindäki artistler ajaýyp şygyrlary okadylar.
Meýdançada dikilen ak öýlere ajaýyp halylar düşelipdir. Keçeleriň üstünde bolsa bagşylaryň joşgunly çykyşlary boldy. Soňra döredijilige ýaňy gadam goýan ýaş şahyrlar ruhy gymmatlyklary beýan edýän goşgularyndan okadylar.
Çärä gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň ösdürilmegine, ýurdumyzda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine yzygiderli üns berilýändigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we bu işleriň özlerini täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýandygyny nygtadylar.
Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda goýlan “Gül-Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi bilen dowam etdi. Asylly däbe görä, operanyň tanyşdyrylyşy Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyldy. Mälim bolşy ýaly, bu hünär baýramçylygy 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda esaslandyryldy. Ol milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň dikeldilen senesi hökmünde girdi. Täze operalaryň goýulmagynyň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň möhüm bölegine öwrülendigini bellemek gerek. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sungatyň bu görnüşiniň muşdaklary täze operanyň ilkinji tomaşaçylary boldular.
“Gül-Bilbil” operasy türkmen halkynyň dessançy şahyry Abdylla Şabendäniň adybir dessanynyň esasynda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Eseriň awtorlary milli opera sungatynyň däplerine hormat goýmak arkaly, onuň häzirki zaman tomaşaçylarynyň isleglerine laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalary edipdirler.
Durmuşyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan ajaýyp saz eserleri operanyň özenini düzmek bilen, söýginiň we ýagşylygyň kuwwatly güýjüniň senasyna öwrülipdir. Bu eser Şabendäniň işläp oturan pursatlary bilen başlanýar. Şahyryň döredijilik dünýäsi we operanyň awtorlarynyň pikir çözgüdi tomaşaçylary ertekiler dünýäsine atarýar. Ol ýerde perizat Gül we gaýduwsyz Bilbil ykballaryny hemişelik baglanyşdyrmak üçin duşuşýarlar.
Liriki şekiller baýlaşdyrylýar. Gahryman magşugyna ýetmegiň ýolunda köp synaglara duçar bolýar. Bilbil we onuň wepaly dostlary uzak aralygy geçip, birnäçe ýurtlara baryp görýärler we olary aždarhalardan, döwlerden halas edýärler. Opera bagtyýar gahrymanlaryň baglanyşygyny şertlendirýär.
Täze opera eserinde teatr sahnasyna mahsus bolan mümkinçilikler giňden peýdalanylýar. Onda hor çykyşlary horeografiýa pursatlary bilen utgaşýar. Sazlaryň utgaşmagy, olaryň milli halk döredijiligine ýakynlygy, meşhur halk heňleri, aýdymlar opera çykyşlarynyň ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýär. Ýaş artistleriň ýakymly owazlary, ertekilerdäki pursatlaryň çylşyrymlylygy, eseriň gahrymanlarynyň kaşaň lybaslary hem-de sahnanyň köpugurly bezegi wakalara uly öwüşgin çaýýar.
Täze operada çeper döredijilik gözlegleri şowuna düşüpdir. Milli opera sungatynda ilkinji gezek ulanylýan wideogörnüşler teatr dramaturgiýasyny has-da baýlaşdyrýar. Gadymy binagärlik ýadygärlikleriniň şekilleri, deňiz görnüşleri sahna eserine özboluşly öwüşgin berýär.
Bu esere Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döredijilik toparlary, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Döwlet hor toparynyň wekilleri hem çekildi. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üçünji ýyl talyby orkestre ussatlyk bilen dirižýorlyk etdi. Şeýlelikde, ussatlaryň we ýaşlaryň bilelikdäki topary milli sungatyň iň gowy däplerini nesilden-nesle geçirmek ýörelgelerini ýene bir ýola äşgär etdi.
Watana wepalylygy, söýgini, dostlugy, ahlak gymmatlyklaryny wasp edýän täze opera eseriniň döredijilik ruhuny aýratyn nygtamak gerek. Operanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dabaraly aýdym eseriň ruhuny düzdi. Artistler öz çykyşlarynyň üsti bilen milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýändigi, ýurdumyzyň saz sungatynyň pajarlamagyna mynasyp goşant goşýandygy üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan etdiler.
Agşam Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähindäki açyk meýdançada Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Oňa tomaşa edenler halk heňleri bilen häzirki zaman aýdymlarynyň, joşgunly tanslaryň sazlaşygyndan lezzet aldylar.