Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar
Resmi
Resmi habarlar
Çap edildi 21.05.2021
3187

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;

ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;

agzalan taslamalary taýýarlamak üçin, hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

***

“Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak babatynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmak, şeýle hem intellektual eýeçilik ulgamyny halkara kadalaryna laýyklykda has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döredildi, onuň düzümi we Pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur bolan turba önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur bolan dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Трубная Металлургическая Компания” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “GAZPROM Schweiz AG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň rejelenen görnüşdäki “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilat arasynda keselleriň öňüni almak we adamlaryň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow