Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahat geçirildi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar hem-de zergärler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.
1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte “gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr.
Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.
Ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işlerini muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmegi halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanymyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemleýändigini subut edýär.
Çykyşlarda şu wakanyň aýratyn möhüm ähmiýeti bellenildi. Onda gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyrýan däp-dessurlarynyň bu gün mynasyp dowam etdirilýändigi ýüze çykýar. Garaşsyzlyk döwrümizde bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda medeni mirasymyzyň has-da ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy hem türkmenleriň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy babatdaky asylly maksatlary özünde jemleýär.
Şeýle hem çykyş edenler Ogulabat ejäniň bejeren bu kürtesiniň üstünden ýarym asyr geçse-de, onuň özüniň asyl nusgasyny saklap galandygyny belläp, reňkleriniň ýitiligini, nagyşlarynyň nepisligini, özüniň ajaýyplygyny ýitirmändigi bilen biziň günlerimize çenli saklanyp galmagynyň bu kürtä Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirendigini, el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygyny, millilige aňryýany bilen düşünýändigini görkezýändigini, munuň bolsa ähli türkmen gelin-gyzlaryna nusga alarlykdygyny aýratyn nygtadylar.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Gelin-gyzlarymyza mahsus üme dessury türkmen gyzlary üçin hem edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň hem-de sungata aralaşmagyň mekdebi bolupdyr. Ol ýerde ýaş gyzlar özleriniň boýdaşlaryndan, deň-duşlaryndan ýa-da gelneje-ýeňňelerinden el işlerini öwrenmek bilen, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep kadalaryny öwrenýärler. Şeýlelikde, bu gadymy milli amaly-haşam sungaty menziller aşyp, biziň günlerimize gelip ýetdi. Şeýle hem türkmen milli egin-eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr.
Bellenilişi ýaly, Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, ussat çeper ellilik aýratynlyklary jemlenendir. Bu aýratynlyklary alym Arkadagymyz “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eserinde hem giňden beýan edýär. Ogulabat ejäniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, şeýle-de el hünärine berýän ünsi barada näçe aýtsaň-da bärden gaýdýar. Çünki Ogulabat eje her keşdäni nagşa, her nagşy gözellige, her gözelligi bolsa sungat eserine öwürmegi başarýan zenandyr. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören alajasyny hormatly Prezidentimiz täze doglan taýlara, bedewlere dakanda her birimiz çäksiz buýsanýarys diýlip, çykyşlarda nygtaldy.
Mundan başga-da, mähriban Ogulabat ejäniň nagyşdyr keşdeleriniň her biriniň özünde çuňňur manylary jemleýändigine dabara gatnaşyjylaryň ünsi çekildi. Şol nagyşlarda düýpsüz umman, gözýetmez dünýä, çuňňur many ýerleşdirilýär. Şolarda Ogulabat ejäniň öz dünýäsi, arzuw-islegleri, pikir-garaýyşlary, ýürek sözleri, ýagşy dileg-dogalary sungatyň üsti bilen mälim edilýär. Eli hünärli Ogulabat eje milletiň medeni ýol-ýörelgesini dowam edýän, ony has kämilleşdirmäge ymtylýan gelin-gyzlarymyz üçin uly görelde mekdebidir, ýaşaýşymyzyň ruhy sütünidir.
Dabaranyň dowamynda nygtalyşy ýaly, tikin tikip, keşde gaýamak aňsat iş däl, oňa “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýilýär. Emma, muňa garamazdan, Ogulabat eje bu kürtäni şeýle inçelik bilen, şol döwre mahsus görnüşde bejeripdir. Bu kürtäniň hem-de ýüň jorabyň muzeýe gowşurylmagy halkymyzyň medeni hazynasynyň ösmegine uly goşandy aňladyp, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat edýär. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli mirasy esasynda gelin-gyzlarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän däp-dessurlar, şol sanda el hünär işleri şu günki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitabynda: “Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp, keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly” diýip nygtamagy, mukaddes maşgala ojagynda gadymdan gelýän milli mirasymyza degişli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň subut edýär.
Türkmen zenanlarynyň ýerine ýetirýän örän köpgörnüşli el işleri taýýarlananda, şol sanda kürte bejerilende, olaryň biri-birinden üýtgeşik owadan nagyşlarynda, göllerinde durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly çuňňur mazmunly düşünjeler beýan edilýär.
Bularyň ählisi bolsa, ösüp gelýän nesilleri, esasan-da, geljegimiz bolan ýaş gyzlary terbiýelemekde, hususan-da, olarda zähmet endigini kemala getirmekde, asylly sypatlary kämilleşdirmekde, edep-terbiýäni, maşgala ojagyna, ata-enä wepaly bolmak häsiýetlerini ösdürmekde möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Bu bolsa belent adamkärçilik häsiýetlerini hem özünde jemleýär. Munuň özi belent ynsanperwerligiň, ahlak kadalaryna eýermegiň ajaýyp nusgasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny hemişe nygtaýar. Şeýlelikde, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan umumadamzat gymmatlyklary türkmen halkynyň dessurlarynda hem aýdyň duýulýar, olara asyllylyk, terbiýelilik, myhmansöýerlik, agzybirlik we jebislik mahsusdyr.
Däp-dessurlary öwrenmek hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerine eýermek ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Dabarada çykyş edenler Ogulabat ejäniň bejeren kürtesini muzeýe gowşurmagynyň ata-babalarymyzyň galdyran mirasyny gözüň göreji deý goraýan türkmenleriň dowamatlylygynyň saklanyp galmagyna hem-de milli gymmatlyklarynyň hataryndaky ruhy genji-hazynanyň geljekde hem giňden wagyz edilmegine ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler we munuň üçin Ogulabat ejä taňryýalkasyn aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysalydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiz “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynda gürrüň berýär.
Mälim bolşy ýaly, bu eser eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasydyr. Onda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalaryň beden taýdan saglygynyň berkemegine, ruhubelent hem-de ahlak taýdan sagdyn ösmegine uly ähmiýet berip, olarda zähmetsöýerligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdirler. Biziň zenanlarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda özüňi alyp barmagyň ahlak kadalaryny kämilleşdirip, olary nesilden-nesle geçiripdir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty ýaş nesli terbiýelemegiň asylly däplerini dowam edýär. Türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döretmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý we sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala getirmäge, eneleriň sarpalanýan jemgyýetinde maşgala gymmatlyklarynyň berkarar bolmagyna örän uly üns berilýär. Şularyň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen alyp barýan işleriniň özeninde enä bolan çuňňur hormatyň ruhy, çagalaryň we ata Watanyň bähbidine egsilmeýän zähmeti jemlenendir. Munuň aňyrsynda bolsa, nesillere terbiýe bermegiň hem-de watançylygyň özara baglanyşyklydygy babatdaky ajaýyp maksat jemlenýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, biziň borjumyz bu parasatly däbi mynasyp dowam edip, aýawly saklamak bilen, ony nesillere geçirmekden ybaratdyr.
Türkmen halky asyrlarboýy ýaş neslini belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Ata-babalarymyzyň däpleriniň dowamatlylygynda asylly enelerimiziň hyzmaty örän uly bolup, olar öz paýhasy, sabyrlylygy, ündew-nesihatlary bilen milli jebisligimizi has-da berkitmäge, ýaşlarymyzy belent watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Dabara gatnaşyjylar Ogulabat ejäniň asylly maksady özünde jemleýän milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmäge gönükdirilen häzirki işiniň ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýetini bellediler hem-de mähriban halkymyzyň iň gowy köpasyrlyk däplerini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Eziz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli mirasyny çuňňur öwrenmek, ony saklamak, giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Häzirki döwürde halkymyzyň däp-dessurlary, döreden milli gymmatlyklary, dünýä nusgalyk hünärleri ylmy taýdan öwrenilýär we olaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde we asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýagşy dessurlaryň dowamata atarylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýýan wezipelerinde geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ony ertirki güne ýetirmegiň her döwrüň öňünde durýan borçdugy bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, taryhy-medeni mirasyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygy, her bir halkyň medeniýetinde, şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde tutuş adamzat bähbitli oňyn häsiýetleriň, asylly nusgalaryň jemlenendigi ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň häzirki nesiller üçin nusgalykdygyny, olaryň durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydygyny belleýär. Munuň özi dürli döwürlerde jemgyýetçilik durmuşynyň toplan tejribeleriniň we döreden mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlik ýörelgesi” atly kitabynda belleýşi ýaly, milli däp-dessurlarymyz ýaşaýşyň kanunlarynyň bir ülşüdir. Atalaryň «akyl sandyklary» her bir türkmen perzendiniň akyl-paýhasyna, tälim-terbiýesine, aň-düşünjesine ornandyr. Şu günki terbiýäniň asyl köki hem şondan ybarat bolmalydyr. Çünki dünýäde manyly ýaşamagyň baş şerti ynsan bolmakdadyr, adamkärçilige eýermekdedir. Däp-dessurlarymyz tebigatyň öz döreden kanunyny aňladýandygy üçin, olar adama hemişe gerekdir we ýaşaýyşda daýanç sütüni bolmalydyr. Kada-kanuna, düzgün-tertiplilige pugta eýerilýän ýerde bolsa, öňegidişlik bardyr.
Durmuşdaky ähli ýagdaýlary, her bir pursady ýazga geçirmek mümkin hem däl. Oňa düşünmek, aň etmek, many almak welin mümkindir. Halkyň mirasynyň gymmaty hem şondadyr. Şonuň üçin-de ol egsilmeýän hazyna deňelýär. Olaryň her biriniň hem giň manysy bar. Iň gadymy türkmen halysynda şekillendirilen ýigrimi dört sany gölden hem many çykaryp, alymlar Oguz eýýamynyň taryhyndan söz açýan dürli pikirleri aýdýarlar. Umuman, milli baýlyklarymyzyň biri beýlekisiniň üstüni ýetirýär. Olar biri-birinden zyýada, her birinde bir dünýä janlandyrylandyr. Ýöne olaryň hersiniň-de özboluşly tebigaty bardyr. Ogulabat ejäniň taýýarlan kürtesine hem şu häsiýetler mahsusdyr.
Türkmen halkynyň döreden ruhy gymmatlyklarynyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesine-de dahyllydygy gürrüňsizdir. Şoňa görä-de, kämil ýaşaýyş, zähmetsöýerlik, nesil terbiýesine möhüm ähmiýet bermek we türkmen halkyna, esasan-da, zenanlarymyza mahsus bolan myhmansöýerlik, wepalylyk, ogul-gyza söýgi hem-de çagalaryň belent ahlak häsiýetli, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak ýaly dessurlarynyň hemme döwürlerde dowam etdirilmegi bu ýörelgeleriň ebedilikdigini aýdyň ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli gymmatlyklaryň hatarynda parasatly nakyllardyr atalar sözleri hem ýaşaýyş-durmuşymyzyň dürli ugurlaryny, şol sanda ata-enä hormat goýmak, edepli bolmak, zähmetsöýerlik we beýleki ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýär.
Çykyşlarda bular barada hem aýratyn nygtalmak bilen, şeýle mysallaryň ençemesi getirildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapda köp sanly parasatly jümleler getirilýär. “Gyz maşgalanyň erki enede bolar”, “Adama atadan gylyk-häsiýet, eneden bolsa zehin geçýändir”, “Ata-eneň — iň oňat dostuň, iň wepaly mähribanlaryňdyr”, “Ata-enäniň ýüregi perzentdedir”, “Ata kesbi ogla halal”, “Edebiň ýagşysy ata-eneňi sylamakdyr”, “Ene bize topragy söýmegi, ata bize Watany söýmegi gan, ruh bilen bagyş edendir”, “Edebiň netijesi ýagşy ahlakdyr”, “Edebiň ýagşysy Watany söýmekdir”, “Edep bergidir. Ahlaklylyk beglikdir”, “Edep — pelsepe bilen esaslandyrylan milli ahlak we durmuş kadalarydyr”, “Edepli perzent öz-özünden döremeýär”, “Eger bu goja zeminiň üstünde gudrat bar bolsa, ol gudrat — ejedir!”, “Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur”, “El jomartlygy halal zatlary eçilmekdir” ýaly parasatly jümleler halk mirasynyň dürdäneleridir.
Türkmen halkynyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary haýsydyr bir ýörelgäni, asylly başlangyjy öňe sürmegiň ähmiýetli guraly bolup durýar. Şeýle usullaryň netijeli peýdalanylmagy bolsa hemme döwürlerde ýaşaýşyň gymmatyna düşünmäge, geljege päk niýetli garap, öňde goýlan maksatlara ýetmäge atarýar.
Bu bolsa döwlet ähmiýetli wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän nusgalyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrylýandygyny we baýlaşdyrylýandygyny äşgär edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesi we ören joraby halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryny, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerini, aýratyn-da, gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukyp-başarnygyny özünde jemläp, geljekki nesillerimize galjak nusgalyk baky mirasa öwrüler.
Dabaraly maslahatda çykyş eden muzeý işgärleri bolsa, bu ýere gelýän myhmanlara hem-de ýaş nesillere milli sungatymyza, el işlerine söýgi döretmek üçin geçen taryhy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten gymmatlyklarymyz barada gyzykly maglumatlary gürrüň bermek we wagyz etmek üçin güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.
Dabaraly maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.
Bu günki ajaýyp waka mynasybetli görnükli estrada aýdymçylary, bagşylar, belli aýdym-saz we tans döredijilik toparlary joşgunly çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Aýdym-sazlaryň owazy ajaýyp waka mynasybetli guralan dabara utgaşyp, oňa baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Milli däp-dessurlarymyzy, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärini, asylly edep-ekramyny wasp edýän aýdymlar çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly wakalaryň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Diýarymyzda aýratyn üns berilýän asylly işleriň ähmiýetini has-da belende göterýär.
Bu gün ata Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlary çäksiz ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine berilýän ýokary bahadyr.
Aýdymlaryň ruhuňy göteriji sözlerinde hem-de joşgunly mukamynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanç duýgusy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp geljegine ynam beýan edildi.