Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar
Resmi
Resmi habarlar
Çap edildi 19.03.2021
5920

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň gurluşy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek, pudaga täze tehnologiýalary giňden ornaşdyryp, önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlara iberilýän taýýar önümleriň möçberlerini yzygiderli köpeltmek, pudagyň kärhanalarynda sanly ulgama geçmegi çaltlandyrmak, himiýa önümçiligini ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesi girizildi we şu konserniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine agentligiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine — esaslyk maýadaky paýy 10 göterim we agentligiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna — esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow