Ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi iki gün dowam eden onlaýn duşuşygyň esasy meselesi boldy. Duşuşyk BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan guraldy. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Ekologiýa meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklarda esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Biziň döwletimiz tebigaty goramak baradaky halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň birnäçesine goşulyp, howanyň üýtgemegi, ulaglaryň we aragatnaşygyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge täsiriniň peselmegi ýaly adamzadyň ählumumy meselelerini çözmegiň netijeli ýollaryny gözläp tapmakda işjeň orny eýeleýär. Duşuşygyň barşynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ony ulag we ekologiýa babatda Durnukly ösüşiň maksatlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak, ilerletmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol başlangyçlar wekilçilikli forumlaryň münberlerinden beýan edildi. *** Şu gün Medeniýet ministrliginde ABŞ-nyň Hökümetiniň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekillerine ýörite enjamlary gowşurmagyň onlaýn çäresi geçirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň «Meridian» halkara merkezi bilen bilelikde geçiren bu çäresi şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy. ABŞ-nyň ýurdumyzdaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Waleri Çittenden wideoaragatnaşyk ulgamy boýunça çykyş edip, şu günki çäräniň dostlukly döwletara gatnaşyklaryň nyşany bolup durýandygyny, olary üstünlikli ösdürmek üçin iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli amatly şertleri döredýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň sirk toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy, bu bolsa toplanan tejribäni alyşmak, ussatlygy kämilleşdirmek, sirk sungatynyň dürli žanrlarynyň wekilleriniň, şol sanda howa gimnastlarynyň hünär derejesini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Olar üçin gelip gowşan enjamlaryň içinde howa akrobatikasy üçin zerur abzallar hem bar. Medeniýet ulgamynda ýola goýlan netijeli türkmen-amerikan gatnaşyklary tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugruna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda täzeden galkynan, baý taryhy bolan türkmen sirki pajarlap ösýän dynç alyş ulgamynda hem-de türkmenistanlylaryň medeni durmuşynda öz ornuny ynamly eýeledi. Häzir ol dynç almagyň “maşgala” görnüşi bolup, oňa çagalar hem, uly ýaşly adamlar hem höwes bilen tomaşa edýärler. Döwlet sirkiniň sahnasynda däp bolşy ýaly, okgunly çapyp barýan ahalteke bedewleriniň üstünde öz başarjaňlygyny görkezýän, çykyşlary bilen dünýäde tanalýan türkmen çapyksuwarlary, dürli žanrlarda çykyş edýän artistler öz ussatlyklary bilen haýran galdyrýarlar. Içi tomaşaçylardan doly sirkiň sahnasynda diňe milli toparymyzyň däl-de, eýsem, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň — döredijilik saparynda bolýan sirk toparlarynyň çykyşlary dürli öwüşginlere beslenýär. Mahlasy, sirk halkymyzyň baý mirasyny dünýä ýaýmaga, döredijilik toparynyň ýaş neslini ruhy we ahlak taýdan terbiýelemäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.