Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Çap edildi 31.08.2025
101

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň depgini barha ýokarlanýar. Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, olaryň gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň şowly geçmegini arzuw etdiler.

B.Annamämmedow hem-de D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada hasabat berdiler. Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamyň Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň, çaga iýmitleriniň görnüşleri, Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we diş lukmançylyk ulgamyna degişli önümleriň hiliniň halkara derejede ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş, önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Täze şäheriň girelgesiniň bezeg işlerinde Arkadag şäherine mahsus bezeg serişdeleriniň, degişli şekilleriň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar. Şunda degişli düzümler tarapyndan bilelikde tagalla edilmelidir. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtyň özünde bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, ekologik ýagdaýyna ähmiýet berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Şäheriň dürli maksatly binalarynyň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi wajypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan we meýilleşdirilen işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini, görkezilen taslamalara girizilen düzedişleriň degişli derejede berjaý edilmelidigini aýtdy we binalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, şunda ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy babatda öz maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen tanyşlygy tamamlap, binanyň daşyna çykdy we bu ýerde dürli maksatly binalaryň üçekleriniň örtüginde ulanylýan, häzirki döwürde önümçiligi ýola goýlan üçekleriň görnüşlerini synlady. Bu ýerde olaryň dürli görnüşleri, reňk aýratynlyklary görkezildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda täze şäherde gurulýan binalaryň üçekleriniň örtükleriniň reňkiniň her bir desganyň ähmiýetine laýyklykda seçilip alynmalydygyny belläp, olaryň milli binagärlik ýörelgelerine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, üçekleriň reňklerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi olaryň reňkleriniň binalaryň bezeg aýratynlygy, önümçilik we durmuş ähmiýeti bilen utgaşmalydygyny görkezýär. Şäheriň gurluşygynda ulanylýan bezeg we gurluşyk serişdeleriniň amatlylyk derejesine, bezeg aýratynlyklaryna, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň kesgitlenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Umuman, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagy, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, dürli maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda
31.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
31.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeldilýär
29.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow