Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 08.09.2020
1225

“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 1547-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň we ony ýerine ýetirmegiň 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara toparyň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Saburow Döwran Reimbaýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Soňky habarlar
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
top-arrow