Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady
Çap edildi 30.08.2020
1163

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Häzirki wagtda taryhy dostluga we doganlyga esaslanýan netijeli türkmen-tatarystan gatnaşyklary biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly we strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar» diýip, milli Liderimiz öz hatynda belledi hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mähirli we ynanyşykly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
top-arrow