Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bank ulagmyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, häzirki wagtda bu çäreler hil taýdan täze görnüşe geçýär. Ol bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegine hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde banklar nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň artdyrylmagyna, şeýle amallarynyň howpsuzlygynyň we ygtybarlylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýärler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri, türkmen ykdysadyýetiniň özgertmelere taýýarlygyny görkezýän “aýnasy” bolup durýar, şol sebäpli hem bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak, bu ulgamyň edaralaryna ynamy ýokarlandyrmak hem-de özüne çekijiligini artdyrmak, fiziki we ýuridiki taraplardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmek zerurdyr. Ýokarda agzalan bankyň IT-hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ykjam goşundy söwda nokatlarynda hem-de hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. “Halkbank terminal” tehnologiýasynyň işe girizilmegi bilen söwda we hyzmatlar nokatlarynyň ykjam telefonlarynda sanly görnüşde degişli amallary geçirmek üçin programma üpjünçiligini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, bu goşundynyň işe girizilmegi bank amallaryny sanlylaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdiuhamedow maliýe ulgamynyň ösdürilmegine jogapkär ýolbaşçylaryny bu işleri işjeňleşdirmäge çagyrýar. Tölegleri uzak aralykdan geçirmegiň tehnologiýalaryny ýurdumyzyň söwda ulgamynda ornaşdyrmak üçin esaslar soňky döwürde degişli tejribäniň tiz toplanmagynyň barşynda goýuldy. Mysal hökmünde “Senagat”, “Rysgal bank” uzak aralykdan tölegleri geçirmäge niýetlenen kartlary, şäher jemgyýetçilik ulagynda gatnamak üçin töleg kartlarynyň getirmek bolar. “Halkbank” DTB öz müşderilerine ýörite terimnal arkaly harytlar we hyzmatlar üçin aralykdan tölegleri geçirmek mümkinçiligini hödürledi. Töleg amallaryny üstünlikli geçirmek üçin indiden beýläk alyja öz kartyny “elden-ele” bermek hem-de ony terminalda magnit lentasyndan geçirmek zerurlygy bolmaz, karty ýörite terminala degirmek hem-de amalyň geçirilendigini tassyklamak ýeterlikdir. Işlenip taýýarlanylan “Halkbank terminal” aralykdan tölegler ulgamy harytlary satyjylaryň ýa-da hyzmatlary ýerine ýetirijileriň adaty smartfonlarynda goýulýar hem-de häzire çenli ulanylan töleg terminallarynyň ýerini tutýar. “Halkbank terminal” tehnologiýasy ozalky töleg ulgamyna hyzmat etmek boýunça çykdajylary aradan aýyrmaga şert döreder. Şeýle terminallar maliýe amallaryny kartdaky çipi terminala bir gezek degirmek arkaly geçirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa boýunça taýýarlanylandyr. Bu enjamlar köpugurly ulanylýar, olar bank kartlarynyň dürli görnüşlerine: magnit lentaly ýa-da aralykdan töleg geçirmek üçin çipli standart kartlara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Standart kartlar arkaly tölegleri geçirmek üçin goşundyda kartyň belgisini, kartyň hereket edýän aýyny we ýylyny, tölegiň pul möçberini, CVC-kody girizmek hem-de tölegi tassyklamak zerurdyr. Bu amal üstünlikli geçirilenden soňra, smartfonyň ýüzünde tölegiň geçirilendigini tassyklaýan çek peýda bolýar. Zerur bolan halatynda bu resminamany çek çap edilýän printerde çykarmak ýa-da “Shareit” arkaly alyjynyň smartfonyna geçirmek mümkindir. “Halkbank terminal” ykjam ulgamyň aralykdan tölegleri geçirmek tehnologiýasy nagt tölegler ýa-da standart bank kartlary arkaly geçirilýän amallary bilen deňeşdirilende, söwda ýa-da hyzmat ediş kompaniýalarynda maliýe amallary geçirmegiň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle amallary geçirmegiň tehnologiýasy birnäçe tapgyry öz içine alýar: -terminalyň meýdançasynda töleg üçin puluň möçberini girizmek hem-de bu amaly tassyklamak; -aralykdan töleg geçirilýän karty terminaldaky ýörite nokada degirmek; -ses we ýagtylyk duýduryşyna garaşmak, munuň özi töleg amalynyň üstünlikli geçirilendigini görkezer. Sms-habar bermek, amallaryň bellenilen möçberleri, amalyň iň ýokary möçberi, amalyň geçirilendigi üçin töleg, ozal geçirilen amallar we beýlekiler ýaly ähli babatlarda aralykdan töleg geçirilýän kart adaty bank kartyndan tapawutlanmaýar. Şol sebäpli hem “Halkbank terminal” ykjam ulgamy arkaly aralykdan töleg geçirýän alyjy muny duýup hem ýetişmez. Söwda kompaniýalarynyň, hyzmat merkezleriniň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, ulag kompaniýalarynyň eýeleri we işgärleri hem-de telekeçiler uzak aralykdan tölegi geçirmegiň tehnologiýasyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny göz öňünde tutmalydyrlar. Ýokanç zerarly jemgyýetçilik ýerlerinde bellenilen aralygy berjaý etmek düzgüniniň girizilen döwründe şeýle töleg amallaryny peýdalanmak aýratyn möhümdir. Eger-de söwda nokadyna gönüden-göni barmak zerurlygy ýüze çykan halatynda hem, nagt pullary peýdalanmagy azaltmak gerekdir. Aralykdan tölegleri peýdalanmak oňaýly bolar. Nagt pullar bilen iş salşanyňdan soňra hökmany suratda eliňizi zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamak, ýuwmak we beýlekiler zerurdyr, sebäbi kagyz pullaryň üsti bilen haýsydyr bir wiruslaryň geçmek ähtimallygy bardyr. Türkmenistanyň tödeg hasaplaşyk ulgamynda ilata häzirki zaman tehnologiýalaryny hödürlemek üçin “Halkbank” işlenip taýýarlanylan “Halkbank terminal” goşundysyna aralykdan töleg geçirilýän kartlar bilen doly çalşyp, bölek söwda hem-de hyzmat nokatlarynda QR-kody (tölegi dessin tassyklamak kody) peýdalanmagy girizmegi meýilleşdirýär. Aragatnaşygyň ykjam enjamlarynyň okgunly ösüşi bank hyzmatlaryny ösdürmek üçin, şol sanda aralykdan tölegleri geçirmek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň üçin banklar öz müşderilerine smartfonlarynda aralykdan tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýän goşundylary ornaşdyrmagy teklip etmelidirler. Sarp edijilere täze tehnologiýalardan peýdalanmagy öwretmek ýakyn ýyllarda şeýle hyzmatlary hödürleýänler üçin möhüm wezipeleriň biri bolup biler. Ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde öňdebaryjy bolan “Juniper Researсh” barlag geçiriji firma “Gemalto”-nyň buýurmasy boýunça geçiren “Mobile & Online Tiсketing Deep Dive Strategy & Competition 2016-2020” (2016-2020-nji ýyllar üçin Deep Dive petekleriniň ykjam we onlaýn satuwy boýunça strategiýa we bäsdeşlik) diýen hasabatynda şonuň ýaly netijä gelýär. Gemalto programma ulgamlaryny, smart-kartlar we tokenler ýaly goralan şahsy enjamlary, şeýle hem dolandyrylýan hyzmatlary hödürleýän sanlylaşdyrmak howpsuzlygy boýunça halkara kompaniýadyr. Şundan ugur alyp, taslamalary durmuşa geçirmek we häzirki zamanyň sanly çözgütlerini ornaşdyrmak üçin türkmen banklaryna maglumat howpsyzlygy, maliýe akymlaryny ulgamlaýyn seljermek babatda öz hünärmenlerini, maglumat ulgamlaryny işläp düzüjileri, dolandyryjylary, inženerleri we beýlekileri taýýarlamak bilen birlikde, müşderilere ornaşdyrylýan tehnologiýalary ulanmak başarnyklaryny öwretmek boýunça işleri hem geçirmek zerurdyr. Hyzmatyň sanlylaşdyrylmagy, ýagny az wagtyň içinde uly göwrümli maglumatlary işläp bilýän kuwwatly, ygtybarly we çeýe tehnologik ulgamyň döredilmegidir hem-de hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürlemekdir. Bu bolsa Türkmenistanyň banklaryny tehnologiýa taýdan özgertmegiň möhüm taslamasydyr. Homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde häzirki wagtda karz bermegiň, nagt däl hasaplaşyklaryň we pul geçirmeleriň adaty hyzmatlara öwrülýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan hökümetiň mejlisinde “Halkbank terminal” ulgamyny işe girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem-de şeýle ulgamlaryň ýurdumyzyň beýleki banklary tarapyndan taýýarlanylmagy baradaky meseläniň üstünde pikirlenmegi tabşyrdy. “Halkbank”-yň edaralaryna söwda kärhanalaryndan we hyzmat ediş guramalaryndan, döwlet ulgamyndan we telekeçilerden gelip gowuşýan köpsanly haýyşnamalar täze “Halkbank terminal” ulgamyna islegiň ýokarydygynyň aýdyň mysaly boldy. “Halkbank”-yň bu täze önümini ilkinjiler bolup türkmen dokma önüminiň alyjylary we satyjylary barlap gördüler—tehnologiýany Aşgabatda iýun aýynyň ortalarynda açylan Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň täze söwda merkezinde ornaşdyrdylar. Milli nyşanly harytlary satyn alan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem howpsuz bolan aralykdan tölegleriň ähli oňaýlyklaryny duýdular. Gökdepe dokma toplumynyň “Gala”, Aşgabadyň dokma toplumynyň “Goza”, Türkmenbaşy jinsi toplumynyň “Bedew”, Marynyň “Ýeňiş” fabriginiň, Aşgabadyň panbarhat önümlerini çykarýan fabriginiň dükanlarynyň kassalarynda “Halkbank terminal” ykjam ulgamy gurnalan smartfonlar oturdyldy we yzygiderli işledilýär. “Halkbank” ýakyn wagtda “ADT” nyşany bilen belli bolan Aşgabat dokma toplumynyň ähli dükanlarynda aralykdan töleg geçirmegiň ykjam ulgamyny ornaşdyrmagy tamamlar. Şunuň ýaly täze usulyň ornaşdyrylmagy ugrundaky nobatda müşderilere şäher boýunça harytlary we iýmitleri eltip bermek bilen meşgullanýan paýtagtymyzyň telekeçileri durýarlar. “Halkbank”-yň sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagynyň mysallaryny agzap geçmek bilen, şonuň ýaly hyzmatlaryň toplumynda eýýäm ondan gowrak hyzmatlaryň bardygyny nygtap bolar. Internet giňişliginde hereket edýän Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň Ýeke-täk portalyny (e.gov. tm) aýratyn bellemek gerek. Şonda banklar bilen birlikde, döwlet edaralarynyň ählisiniň saýtlary hödürlenýär. Hut şu portalda olar sanly hyzmatlaryň ähli ulgamlaryny hem beýan etmelidir. 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de Internet web-saýtlaryny döretmek we ornaşdyrmak hakynda” Karara gol çekendigini ýatlamak isleýäris. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, hususy telekeçilere—edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara bellenen tertipde elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň we web-saýtlaryň döredilmegini, olaryň herekete girizilmegini hem-de yzygiderli işjeň täzelenmegini üpjün etmek tabşyryldy. Resminama laýyklykda, işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli herekete girizmek bellenildi. “Öňdebaryyj sanly tehnologiýalaryň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösmegi üçin esas bolar. Döreýän ýagdaýlary seljerip we päsgelçilikleri yzygiderli aradan aýryp, täze ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen biz dünýä bazarlarynda ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli artdyryp bileris” diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmäge geçilmegini güýçlendirmek, işewür we maýa goýum işjeňliginiň ösüşini artdyrmak, ylmy pudaklarda iş üpjünçiliginiň ýokarlanmagyny gazanmak, jemgyýetiň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň durmuşynyň hilini we hal-ýagdaýynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.