Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy
Ykdysadyýet
Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy
Çap edildi 20.08.2020
4524

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu wezipeleriň oňyn çözülmegi, şeýle hem BMG-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda biziň döwletimiziň hem kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, häzirki zaman we howpsuz IT-düzümleriniň döredilmegini strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi, munuň özi barha ýokary depginlere eýe bolýan çalt sanlylaşdyrmak işlerini degişli tehnologiýalar bilen üpjün eder. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn hem-de yzygiderli geçilmegi döwletimiziň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertidir. Bu gün dünýäniň ähli ýurtlary dünýä ykdysady ösüşiniň geljekki derejesiniň sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyna baglydygyny nazara alyp, sanlylaşdyrmak işlerine uly üns berýärler. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli hem biziň ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak ugruny işjeň amala aşyrýar. Bu gün islendik pudakda globallaşmak hem-de ýüze çykýan töwekgelçilikleriň emele gelen daşky şertlerini hasaba almak bilen, meselelere gaýtadan seretmek möhüm talap bolup durýar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan sanlylaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar, bu ministrlik maliýe, salgyt-býujet, maýa goýumlary, nyrh syýasaty, ätiýaçlandyryş, auditorlyk işi, buhgalter hasabaty, maliýe hasabatlylygy, maliýe howpsuzlygy ulgamynda syýasaty hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda (e.gov.tm) ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň websaýtlary bilen bir hatarda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň saýty (fineсonomiс.gov.tm), Salgyt müdirliginiň (taх.gov.tm) hem-de Maliýe seljeriş gullugynyň (turkmenfmd.gov.tm) saýtlary hereket edýär. Häzirki wagtda ministrligiň saýtynda maglumatlary täzelemek, maglumat kontentini giňeltmek işleri geçirildi, şol sanda Durnukly ösüş maksatlary we şolary durmuşa geçirmek boýunça sahypa goşuldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işleri sanlylaşdyrmagyň hukuk hem-de kadalaşdyryş binýady döredildi, şol maglumatlary we elektron resminamalary alyşmak, umumy birsydyrgynlaşdyrmak işlerini hem öz içine alýan häzirki talaplar hem-de ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar nazarda tutulyp, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu esasda sebit gulluklarynda we degişli düzümlerde hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Merkezi balans topary buhgalter hasabatyna hem-de ykdysady düzümleriň hasabatlylygynyň guralyşyna içerki ulgam gözegçiliginiň usulyýet esaslaryny işläp taýýarlamagy utgaşdyrýar. Soňky ýyllarda sanly usullar bu ulgama hem ornaşdyrylyp başlandy. Mejlisler geçirilende sanly goldaw, şol sanda onuň agzalaryna pudaklaryň, kärhanalaryň we guramalaryň maliýe-ykdysady işleriniň jemlerini beýan edýän seljerme hem-de hasaplaşyk maglumatlarynyň örän uly mukdaryny hödürlemek boýunça bu ulgam işjeň peýdalanylýar. Geljekde şu işler sebit toparlary bilen hem, şol sanda IT-tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýola goýlar. «Buhgalterlik hasaby we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilkibaşky hasaba alyş resminamalary hem-de buhgalterçilik hasabatynyň registeri kagyz görnüşinde bolşy ýaly, elektron göterijide hem düzülip bilner we olaryň iki görnüşi hem deň hukuk güýjüne eýedir. Buhgalterçilik hasabatynyň awtomatlaşdyrylmagy ilkibaşky maglumatlaryň ýygnalyşyndan başlap, hasabatlylygyň döreýşine çenli tapgyrda ulanylyp başlandy. Awtomatlaşdyrylan hasaby we hasabatlylygy ýöretmek boýunça programmalaýyn önümler işlenilip taýýarlanylýar hem-de ulanylýar. Geljekde bu hemişe ulanylar. Şunda hasaby ýokary hilli, ygtybarly we amatly alyp barmagy üpjün etmek mümkinçiligi programmalaýyn önüme bildirilýän esasy talaplaryň biridir. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şu ýylyň möhüm wakasy boldy. Resminamalaryň hem-de hyzmatlaryň hukuk düzgünini, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän bu Kanun şu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge hem-de maglumat alyşmalaryň ýeke-täk giňişligiň döretmäge gönükdirilendir. Kanunyň binýadynda hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Merkezi dolandyryş edarasynda, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliklerinde hem-de ähli degişli düzümlerinde elektron resminama dolanyşygyny girizdi. Munuň özi maglumatlaryň alşylmagyny, iş wagtynyň netijeli peýdalanylmagyny ep-esli gowulandyrmaga, iş kagyzlaryny arhiwleşdirmek üçin esas döretmäge hem-de resminamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Salgyt müdirliginiň we garamagyndaky guramalaryň resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamy girizilýär. Bu ulgamyň esasy maksady salgyt edaralarynyň salgyt töleýjileriň ählisinden salgydyň tölegi baradaky resminamany almagyň elektron görnüşine geçmeginde jemlenýär. Bu bolsa bir tarapdan, hasabatlary bermek ulgamyny ýönekeýleşdirer, beýleki tarapdan bolsa, salgyt töleýjilere Döwlet býujetine bergileri barada habar bermek bilen birlikde, salgydyň ýygnalyşyna gözegçiligi güýçlendirer. Şonuň bilen birlikde, salgyt töleýjileri salgyt edaralaryna çagyrmazdan, olaryň kameral barlaglaryny elektron görnüşde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, salgyt hasaplamalarynyň esasynda bolsa, beýleki resminamalary hem şeýle görnüşde amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ikinji tapgyrda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça işler bank edaralary bilen amala aşyrylar. Ýuridik şahslary hem-de maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba alyş bölümi hem döwlet tarapyndan hasaba almak, gaýtadan hasaba almak we ýuridik şahslary aradan aýyrmak bilen baglanyşykly käbir amallar boýunça elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda işleri geçirýär. Häzirki wagtda merkezi dolandyryş edara bilen hasaba almagyň welaýatlardaky bölümleriniň arasynda ýerli ulgam döredildi we işjeň hereket edýär. Munuň özi welaýatlarda we Aşgabatda düzümleýin bölümleriň arasynda resminamalary ylalaşmak ulgamyny ýönekeýleşdirmäge kömek eder. Ýuridik şahslaryň atlandyrylmagyny hem-de ýuridiki şahslary hasaba almaga ýa-da gaýtadan hasaba almaga resminamalary ylalaşmagy tassyklamaga arzalary kabul etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrylýar. Bu hem hasaba alyş bölümleriniň işiniň derejesini we hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, artykmaç päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de hasaba alyş işlerinde raýatlaryň we ýuridik şahslaryň maddy hem-de fiziki çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Ministrligiň web-saýtynda ýuridik şahslary hasaba alyş bölüminde kadalaşdyryjy resminamalar hem-de talap edilýän resminamalaryň sanawy, arzalaryň nusgalary ýerleşdirildi. Arzalary bermek üçin onlaýn görnüş döredildi. Hasaba alyş we atlandyrylmagy tassyklamak üçin tölegleri onlaýn görnüşde kabul etmegi guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýuridik şahslary döwlet tarapyndan ýeke-täk hasaba almagyň täze maglumatlar binýadynyň düzümi işlenilip taýýarlanylýar. Ýakyn wagtda ýuridik şahslary hasaba almak boýunça birnäçe onlaýn hyzmatlary işe goýbermek hem-de hasaba almagyň we ýuridik şahslary döwlet tarapyndan ýeke-täk hasaba alyş edarasyndan maglumatlary bermegiň düzgünini ýönekeýleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylar bilen sanlylaşdyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Döwlet Baştutanymyz innowasiýalaryň ornaşdyrylan tehnologiýalar bolmakdan-da ileri, olaryň hemişe üsti ýetirilip durulmalydygyny hem-de türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüş ýoludygyny yzygiderli nygtaýar. Maliýe-ykdysady ulgam sanlylaşdyrmak boýunça işlerini tapgyrlaýyn kämilleşdirýär, öz işiniň dürli görnüşlerine elektron ulgamlaryny ornaşdyrýar. Bu gün halkara maliýe edaralary, guramalary hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli onlaýn okuw maslahatlaryny, duşuşyklary, iş maslahatlaryny, okuwlary geçirmek boýunça işler ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler, sebit hem-de halkara ähmiýetli taslamalar barada maglumatlary ilerletmek, daşary ýurt we halkara banklaryň, maliýe edaralarynyň, senagat toparlarynyň maýalaryny çekmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmenistanda maýa goýmak» (invest.gov.tm) atly web-saýt döredildi. Sanly ulgama geçmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir hem-de ykdysady we durmuş ösüşi üçin köp mümkinçilikleri döredýär. Maglumat jemgyýetiniň hem-de tutuş sanly tehnologiýalar we hyzmatlar toplumynyň ösdürilmegi sanly özgertmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy ugur bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlary babatda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyndan peýdalanmagyň gerimi ep-esli giňelýär, sanly ulgama geçilende, pudaklaryň mümkinçilikleri artýar, sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary durnukly ösüş babatda birnäçe maksatlara ýetmäge gönüden-göni täsir edýär. Bu maksatlar: 8 — «mynasyp iş we ykdysady ösüş», 9 — «senagatlaşdyrmak, innowasiýalar we infrastruktura», 10 — «ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmak», 12 — «sarp edişiň we önümçiligiň rejeli nusgalaryna geçilmegini üpjün etmek», 17 — «durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» bölümlerinden ybaratdyr. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy belli bir derejede durnukly ösüş ulgamynda beýleki maksatlara ýetmäge täsir edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlarynyň hemmesini döwlet, pudak we sebit maksatnamalaryna ornaşdyrandygyny nazara alanyňda, “sanly ulgama” geçilmegi döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, maliýe-ykdysady ulgam statistika edaralary bilen bilelikde, Durnukly ösüş maksatlarynyň maglumatlar binýadyny döretmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Şu ýylyň maýynda wideomaslahat görnüşinde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek boýunça halkara okuw maslahaty guraldy. Bu maslahat maliýeleşdirmegiň milli gurallarynyň ornuna bagyşlandy we DÖM-ne ýetmek boýunça hereketleriň onýyllygynyň çäklerinde Türkmenistanda çäreleri amala aşyrmagyň bir bölegi boldy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň derejesindäki wekiliýetler, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, BMG-niň agentlikleriniň birnäçesiniň wekilleri, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy ýaly halkara maliýe edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Munuň özi sanly wideoaragatnaşygyň ulanylmagynyň ýurduň içinde hem-de halkara edaralaryň we guramalaryň gatnaşmagynda şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň işjeň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berendiginiň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hem-de maliýe gatnaşyklaryna, şol sanda söwda we salgyt salmak, pes hilli önümleriň ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynda hyzmatdaşlyga goşulmagynda şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de goralýan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda işleýän «SICPA SA» şweýsar kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek barada strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy. Bu ulgamda öňdebaryjylaryň biri bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Olar täze sanly ulgamy döretmek we umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin esas bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini dünýäniň wajyp maglumatlarynyň uly möçberini işjeň özleşdirmek, maglumatlary çalt alyşmak arkaly çözüp bolar. Ýurdumyzyň şu ýylyň iýul aýynda Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesine eýe bolmagyny nazara alanyňda, munuň özi ilkinji derejeli ähmiýete eýedir. Elektron söwda ulgamynda özara gatnaşyklar meselesi häzirki wagtda BSG-niň çäklerinde işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýakyn geljekde elektron täjirçilik ýurdumyzda hem möhüm we geljegi uly ugra öwrüler. Býujet özgertmelerini geçirmek, Türkmenistanyň Býujet kodeksini girizmek hem-de maksatnamalaýyn býujetleşdirmäge geçmek maksadynda intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maliýe maglumatyny dolandyrmagyň has netijeli döwlet ulgamyny döretmäge ýardam eder. Munuň özi býujet serişdelerine, olaryň dolandyrylyşyna we rejeli ulanylyşyna takyk gözegçiligi üpjün eder. Awtomatlaşdyrmagyň, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek işine gatnaşýanlara berilýän maglumatlaryň netijeliligini, takyklygyny we ýokary hilini üpjün etmegiň hasabyna maliýe ulgamynyň hem-de tutuş ykdysadyýetiň işiniň çalt amala aşyrylmagy bu ulgamyň esasy artykmaçlygy bolup durýar. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň ösüşiniň geljegi resminama dolanyşygynyň hem-de hasabatlylygyny, ygtybarlylygyny üpjün edýän bilelikdäki maksatnamalary we sanly çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň görnüşlerini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Şolar ykdysady işiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar. Bellige almagyň bitewi penjiresini ornaşdyrmak, salgyt edaralarynyň salgyt töleýjiler bilen işini onlaýn ulgamyna doly geçirmek ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň işini gowulandyrmaga hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady ösüşi üçin ygtybarly esas bolar. Bökdençlikleri yzygiderli aradan aýryp we täze ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürip, biz milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli artdyryp bileris. Iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi diňe bir täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, täze kadalary döretmegiň hasabyna ykdysadyýete gatnaşyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejede bolmagyna mümkinçilik berer. Sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ugurlara çalt geçirilmegini, işewür we maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegini, ylym bilen baglanyşykly pudaklarda iş bilen üpjünçiligiň gowulandyrylmagyny hem-de döwlet we hususy ulgamlarda zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny aňladýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Şunuň netijesinde, bularyň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow