Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habaralar 27-nji awgust
Resmi
Resmi habaralar 27-nji awgust
Çap edildi 27.08.2015
2220

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Zenan Parlament Baştutanlarynyň 10-njy duşuşygyna hem-de Parlament Baştutanlarynyň dördünji Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty – 3-nji sentýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Şatatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde gulluk iş saparynda bolar. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, agzalan döwletleriň daşary işler ministrleriniň arasyndaky üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 28-29-njy awgustanyda Türkiýe Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow