Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Çap edildi 13.08.2020
1128

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasarynyň senagat we söwda ministriniň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini, ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak bilen türkmen-russiýa strategiki gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde RF-niň sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz indi köp ýyllaryň dowamynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ygtybarly hem-de ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwlet we işewürler düzümleri tarapyndan nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwis hyzmatlary, gurluşyk hem-de dürli maksatly iri senagat desgalaryny düýpli abatlamak ýaly we beýleki ileri tutulýan ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Söhbetdeşler şol sanda derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Dünýä möçberinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly häzirki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlaryny belläp, taraplar Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň bu ugurda işleýän alymlarynyň, hünärmenleriniň we lukmançylyk ulgamynyň işgärleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy baradaky pikiri aýtdylar. Nygtalyşy ýaly, bu ylmy diplomatiýanyň usullaryny doly derejede herekete girizmäge, şeýle hem taraplaryň pandemiýa garşy göreşde tagallalaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ýardam eder. Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlar boýunça netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Soňky habarlar
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
top-arrow