Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 11.08.2020
812

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýär. Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine hem seredilip geçildi. Bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy geňeşmeleri geçirmegi dowam etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Soňky habarlar
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
top-arrow