Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.07.2020
991

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary birek-biregi ýakynlap gelýän Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Milli Liderimiz bu nurana baýramyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, rehimdarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dabaralandyrýandygyny belläp, onuň tutuş musulman ymmatyna hem-de adamzada parahatçylyk, ylalaşyk we durnuklylyk getirmegini dileg etdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk umumy taryhy hem-de medeni köklerden gaýdýandygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda işjeň ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarynyň hem ýokary derejesi bellenildi. Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna edýän ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz ählumumy häsiýete eýe bolan ÑOVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň oňyn netijelere getirjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berýändigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki goňşy halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna parahatçylyk, bagt hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
top-arrow