Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 17.01.2020
1001

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen bu toparyň düzümi tassyklanyldy.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody talabalaýyk dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy bilen bu zawody dolandyrmakda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň bir hem-de iki ülüşli haşal otlaryna, kesellerine we zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2020-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaça tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri hem-de bugdaýy iýmitlendirmek üçin mikrodökünleri satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow