Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna ýüzlenmesi
Syýasy habarlar
«Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna ýüzlenmesi
Çap edildi 14.01.2020
1481

Biz, 2020-nji ýylda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan, 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda öz beýanyny tapan maksatlary hem-de ýörelgeleri durmuşa geçirmegiň, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de ykdysady, ekologiýa, durmuş we ynsanperwer ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna häzirki zaman dünýäsinde has ysnyşykly, köptaraply hyzmatdaşlyga çagyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, 2020-nji ýylyň ähli ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine gönükdirilen aýgytly hereketleriň onýyllygynyň başlangyjy bolup durýandygyny belläp, Bitaraplyk syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn belläp, Bitaraplyk syýasatynyň köptaraplaýyn we syýasy gepleşikler esasynda öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny höweslendirmäge ýardam etmelidigini nygtap, Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň netijeli işini belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyna esaslanan netijeli daşary syýasatyny goldap, şeýle hem sebit we ählumumy derejelerde syýasy durnuklylygy saklamak işinde Birleşen Milletler Guramasynyň netijeli hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň tejribesini belläp, Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek hem-de halkara meseleleri düzgünleşdirilende Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldap, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň durnukly parahatçylygy, raýdaşlygy we sazlaşyklygy gazanmak maksatlarynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylykly gepleşikleriň medeniýetini berkarar etmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň usuly bolup durýandygyny nygtap, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahatyny geçirmek baradaky Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgüdini goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy bilen baglylykda, geljegi gurmakda halkara hyzmatdaşlygynyň eýeleýän orny hakynda giň gerimli hem-de ählumumy derejedäki açyk gepleşiklere gatnaşmaga Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çakylygyny goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna Halkara howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde bitaraplyk ýörelgelerini we öňüni alyş diplomatiýasyny has giňden peýdalanmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň bitarap döwletler bilen hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn goldamagyny dowam etmek, 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň çäklerinde başlangyçlary hem-de çäreleri goldamak, şeýle hem parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň medeniýetini, şol sanda bilim we maglumat-düşündiriş işleri arkaly ösdürmek hem-de pugtalandyrmak boýunça işlere Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, gaznalary, onuň maksatnamalaryny we ýöriteleşdirilen edaralaryny çekmäge ýardam bermek, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahatyny guramak hem-de geçirmek işine Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň degişli edaralaryny işjeň çekmäge, şeýle hem öňde boljak forumyň işine gurama agza ýurtlaryň has işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek baradaky çagyryş bilen ýüzlenýäris. «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow