Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 13.01.2020
1009

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli durmuşa geçirmek arkaly, pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine: Kärendeçileri ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2020-nji ýylda ýurdumyz boýunça pagta öndürmegiň degişli möçberini üpjün etmek; gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy. Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde: Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek; Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen üpjün etmek; «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, 2020-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklady.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow