Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 13.01.2020
981

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhalesi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ýüzbeýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli jogap sözlerini aýtdy. Türkmen halkyny Eýranyň halky bilen müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhymedeni däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, milli Liderimiz ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hemde oňa uly üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hemde dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili birekbirege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMGniň çäklerinde ýola goýulýan özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk senesiniň bellenilýändigi hemde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, tutuş dünýäde durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ykrar edilýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugry milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan deňeçer ýörelgelere, Ýer ýüzünde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine bolan çemeleşmelere, halkara gatnaşyklaryň esasy bolan BMGniň Tertipnamasynyň esaslaryna gabat gelýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm ugurdygyny belläp, ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere we ylmy maslahatlara gatnaşylmagyna hemde özara Medeniýet günleriniň guralmagyna ýardam berýär. Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we diplomat Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostdoganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläkde okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow