Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyna gynanç bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyna gynanç bildirdi
Çap edildi 11.01.2020
865

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saida Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Kabus Bin Saidiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. Gynanç hatynda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar. Onuň Alyjenaby Kabus Bin Said görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Oman soltanlygynyň gülläp ösmeginiň hem-de onuň halkynyň abadançylygynyň bähbidine örän uly işleri bitirdi. «Gudraty Güýçli Allatagala Siziň Alyhezretiňize we Omanyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär. Milli Liderimiz Kabus Bin Saidiň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýandygyny belläp, şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Omanyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow