Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Çap edildi 03.01.2020
831

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Siziň dostlukly halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we çuňňur hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýylda bagt we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin! Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al Asad maşgalasy bilen
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Koreýa ýarymadasynda parahatçylygyň bähbidine dostluk we hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin. Şunuň özi biziň halkymyz üçin ynanyşmagyň çeşmesine öwrüldi. Koreýa mundan beýläk-de halkara bileleşigi bilen bilelikde durnukly parahatçylygy üpjün etmäge çalyşar. Biziň ýurtlarymyzyň Täze ýylda hem öňe gitmegine umyt edýärin we parahatçylykly ýol bilen ösýän Koreýa ýarymadasynda Siziň bilen nobatdaky duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In maşgalasy bilen.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn! Kersti Kalýulaýd, Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow