Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Çap edildi 02.01.2020
826

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym! Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagt arzuw edýärin hem-de Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn! Russiýanyň we Türkmenistanyň dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Sebitara gatnaşyklar, işewür toparlaryň hem-de jemgyýetçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Köpugurly russiýa-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylyp, täze giň gerimli başlangyçlary ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size 2020-nji ýylda bagt we parahatçylyk arzuw edýärin. Georgiý Gahariýa, Gruziýanyň Premýer-ministri

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow