Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Çap edildi 31.12.2019
1051

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Size çuňňur hoşallyk bildirýärin we 2020-nji ýylda rowaçlyklary arzuw edýärin. Antoniu Guterreş, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Tüýs ýürekden çykýan Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegi Arkalaşygyň çäklerindäki köptaraply özara gatnaşyklaryň guralynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam etdi. Täze ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan wajyp gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki işleri netijeli dowam etjekdigimize ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işleriňizde täze üstünlikler, ähli halkyňyza bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Sizi Täze, 2020-nji ýyl bilen gutlaýaryn. Si Szinpin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Sizi Roždestwo we Täze ýyl bilen gutlaýaryn. Donald Tramp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglarymy we Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Sindzo Abe maşgalasy bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi Täze, 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size alyp barýan döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Kasym-Jomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, rowaçlyk we bagt baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan etmek mümkinçiligine şatdyryn. Serjio Mattarella, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn! Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti Gwýudni Torlasiýus Ýouhannesson maşgalasy bilen
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn! Kolinda Grabar-Kitarowiç, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň häsiýetini, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belleýärin. 2020-nji ýylda iki döwletiň halklarynyň bähbidine belarus-türkmen gatnaşyklarynyň hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galmagyna umyt edýärin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we ähli meýilnamalaryňyzyň amala aşyrylmagyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk arzuw edýärin. Aleksandr Lukaşenko, Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn! Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn! Goý, bu ýyl hemmeler üçin parahatçylyk we rowaçlyk ýyly bolsun! Salome Zurabişwili, Gruziýanyň Prezidenti
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani maşgalasy bilen.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, milady ýyly boýunça 2020-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Sizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak adamzadyň öňden gelýän arzuwydyr. Bu arzuwa ýetmek üçin adamlara ýagty geljegi döretmek boýunça netijeli ädimleri ätmek zerurdyr. Ýetip gelen ýylda adamzadyň umumy tagallalary bilen hemmeler üçin parahatçylyk gazanyp biljekdigine umyt edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin. Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow