Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Çap edildi 30.12.2019
833

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutlap, berk jan saglyk, ähli oňyn başlangyçlarda hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň bähbidine bilelikdäki işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary netijeliliginiň bähbitleriň umumylygy hem-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek üçin, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat pudagynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, obasenagat toplumynda we iki ýurduň hem-de tutuşlygyna sebitiň ykdysady taýdan abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýän täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň birnäçe beýleki ugurlarynda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirýän sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň ikitaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara ylalaşykly hereket etmäge we birek-biregi goldamaga ygrarly bolup durýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde geçiren çäreleriniň ýokary derejesini belledi. Özbegistan 2020-nji ýylda GDA başlyklyk etmegiň wezipesini kabul edip, türkmen Lideriniň GDA ýurtlarynyň syýasy-hukuk, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda özara goşulyşmaklary, ählumumy işlerde bu guramanyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtap, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Arkalaşygyň döwletleriniň Strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň ähmiýetini belledi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew taryhy-medeni umumylyga, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene bir gezek gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar. Telefon söhbetdeşligi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow