Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 13.12.2019
1030

«Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: — Haryt nyşanlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi; — Haryt nyşanlary bilen bagly paçlaryň möçberleri; — Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlary tölemegiň tertibi; — Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlaryň möçberleri tassyklanyldy.

***
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz känindäki guýulary burawlamakda we ulanyşa girizmekde zerur bolan dürli turbalary we enjamlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak we gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: — Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi; — Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi; — Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy. Şeýle hem resminama bilen: — Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi; — Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi; — Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi we onuň düzümi döredildi we tassyklanyldy. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlaryna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow