Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 26.11.2019
943

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň noýabr aýynda başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk hem-de gaz ulgamlaryny 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow