Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy
Syýasy habarlar
Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy
Çap edildi 23.11.2019
848

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhum orny eýelejekdigini belläp geçdi. Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasyndan soň bu çärä gatnaşan myhmanlar BAE-de Türkmenistanyň Baş konsullygynyň açylyşyna bagyşlanan resmi kabul edilşige gatnaşdylar.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow