Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Çap edildi 22.11.2019
922

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Döredijilik işgärleriniň ak ýürekden çekýän zähmetinden dörän ajaýyp eserler beýik Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrýar, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, merdana halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýaýýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşandy üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp, karar edýärin: Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory Hakberdy Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 22-nji noýabry.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow