Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
GDA-nyň Minskidäki ştab-kwartirasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
GDA-nyň Minskidäki ştab-kwartirasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 20.11.2019
762

19-njy noýabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Minskidäki ştab-kwartirasynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiuk ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda» temasyndan tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapy duşuşyk baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Çäräniň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygyň Arkalaşygyň giňişligindäki gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugrydygy bellenildi, ol GDA-ny 2020-nji ýyla çenli ykdysady taýdan ösdürmegiň Strategiýasy, Erkin söwda zolagy barada Şertnama ýaly takyk işlenilen we mazmuny boýunça köpugurly resminamalara esaslanýar. Duşuşykda çykyş edenler Arkalaşygyň Ýewraziýada söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli merkezleriniň biri bolup biljekdigi, dünýähojalyk gatnaşyklary, şeýle hem geografik we düzümleýin mümkinçiliklerini birleşdirmek, Arkalaşygyň tehniki, tehnologik we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini ulanmak arkaly GDA ýurtlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Aşgabat jarnamasynyň ählumumy ykdysadyýetde olaryň tutýan ornuny güýçlendirmäge, şol ýurtlaryň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga niýetlenedigi barada bir pikir aýtdylar. Arkalaşygyň GDA giňişligini we oňa golaý sebitleri öz içine alýan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ukyply iri ykdysady subýekt hökmündäki ähmiýweti barada gürrüň edildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy Sergeý Lebedew duşuşykda çykyş edip, Strategik ykdysady hymatdaşlyk hakyndaky Jarnama Geňeşiň mejlisine gatnaşan döwletleriň Baştutanlarynyň ählisiniň gol çekendigini belledi. Onuň pikirine görä, munuň özi umumy we milli bähbitleriň sazlaşdyrylandygyny, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň we ylalaşykly çemeleşmeleriň kesgitlenendigini aňladýar. Sergeý Lebedew resminamany öňe süren türkmen tarapynyň Jarnama taýýarlanylanda GDA ýurtlarynyň ählisiniň pikirini göz öňünde tutandygyny we Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady özara hereketiň toplanan tejribesini sazlaşykly jemlandigini aýratyn nygtady. Onuň aýtmagyna görä, GDA-da eýýäm Jarnamany durmuşa geçirmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy, onuň esasy düzgünleri Arkalaşygyň häzirki wagtda işlenilip taýýarlanylýan maksatlaýyn resminamalarynyň – GDA-ny mundan beýläk-de ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we 2030-njy ýyla çenli döwre GDA-nyň ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamalaryna goşuldy. Çärä GDA gatnaşyjy döwletlriň ilçileri, Arkalayşygyň ustawlaýyn we beýleki edaralarynyň ygtyýarly hemişelik wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetirji komitetiniň ýolbaşçylary, Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Belarus döwlet maglumatlar we radioelektronika uniwersitetiniň esasy hünärmenleri, şeýle hem Minskiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow