Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hökümetara türkmen-täjik toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Hökümetara türkmen-täjik toparynyň mejlisi
Çap edildi 01.11.2019
823

Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň hem-de dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilişiniň barşyny goşmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk meseleleri girizildi. Duşuşygy açyp, her toparyň ýolbaşçysy häzirki zaman döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmegi maksat edinýändiklerini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýeti köp babatda iki döwletiň Liderleri — Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon tarapyndan ägirt uly üns berilmegi bilen şertlenendir. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda mähirli, özara hormat goýmak gatnaşyklary emele geldi. Bu ýere ýygnananlar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanma bildirilýändigini belläp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika ulgamy, senagat we elektroenergetika, oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birek-birege iberilýän harytlaryň görnüşini we mukdaryny hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy. Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda iki goňşy ýurduň halklaryny baglanyşdyran taryhy-medeni gatnaşyklary göz öňünde tutup, ynsanperwer ulgamda özara hereket etmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda guralýan Medeniýet günleriniň hem-de beýleki iri möçberli medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belläp, ara alnyp maslahatlaşylan hem-de durmuşa geçirilmegi bellenilen anyk işleriň ählisiniň öňünde täze gözýetimler açylýan köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli artdyrmaga gönüden-göni ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli beýannamalara gol çekildi.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow