Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 20.10.2019
1069

«Elektrik energetikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem elektrik energetikasy pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: - Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň Tertibi; - Elektroenergetika ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurluşygy we ulanylmagy üçin bölünip berilýän ýer bölekleriniň ölçeglerini we olaryň ulanylyş Tertibi; - Ýaşaýşyň üpjün edilmegine degişli obýektleriň, şeýle hem elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli bolmadyk önümçiligiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektleriniň Sanawy tassyklanyldy. Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 2022-nji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow