Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 11.10.2019
902

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Maňa ýokary sylag bolan Türkmenistanyň Gahrymany diýen derejäniň berlendigi üçin Size we Türkmenistanyň tutuş halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy ýene bir ýola mälim etmäge rugsat beriň. Ýurduň hem-de halkyň bagtyýarlygy we gülläp ösmegi ugrunda köp işleri bitiren hem-de şeýle tagallany yzygiderli dowam edýän adamdan, ýagny, Sizden sylagy uly hormat bilen kabul edip we Türkmenistanyň hem-de onuň mähriban adamlarynyň ykbalyna dahyllydygymy duýmak we şu toprakda şahsyýet hökmünde kemala gelendigim mende ýakymly duýgulary döredýär. Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we zähmet ýeňişlerine, şol sanda maňa ýakyn bolan älem giňişliginde ýeten derejesine tüýs ýürekden buýsanmak bilen, men mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde binýady tutulýan nurana geljeginiň bardygyna ynanýaryn. Garaşsyzlyk mynasybetli geçirilen baýramçylyga gatnaşyp, Siziň ýolbaşçylygyňyzda türkmen halkynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda iň beýik derejelere ýetmäge ukyplydygyna bolan ynamym has-da berkedi. Şeýle üstünliklerde meniň hem azajyk goşandymyň bardygyna örän buýsanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size berk, “älem” saglygyny, abadançylyk, Siziň Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply we jogapkärli işiňizde uly üstünlik arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Oleg Kononenko, tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow